
Prezident R. T. Erdogan, Ministrler kabinetiniň mejlisinden soň metbugata beýannama berdi.
Soňky döwürde Türkiýe bilen ÝB-niň arasyndaky gatnaşyklaryň kadalaşmagyna uly ähmiýet berýändiklerini aýdan Erdogan, Siriýada başdan geçirilýän soňky wakalar bilen birlikde Ukraina söweşiniň bes edilmegi meselesiniň hem Ýewropanyň Türkiýä mätäçdigini ýene-de bir gezek görkezendigini nygtady.
Erdogan “ÝB-ni ykdysadyýetden goranmak pudagyna, syýasatdan halkara derejesindäki täsirine çenli birnäçe ugur boýunça başdan geçirýän kynçylyklaryndan diňe Türkiýe halas edip biler.Türkiýäniň ÝB-ne doly agzalygy halas edip biler.
Türkiýäniň doly agzalygy ykdysadyýety we demografik gurluşy taýdan gün saýyn garraýan Ýewropanyň ösüşine itergi berer. ÝB bu hakykatlara näçe ir göz ýetirse özleri üçin şonça gowy bolar.Biz özara ynama we bähbide esaslanýan agzalyk etabymyzyň depginini güýçlendirmegi arzuw edýäris” diýdi.