Russiýaly boksçy Dmitriý Biwol Las-Wegasda geçen boks agşamynyň esasy tutluşygynda meksikaly Saul Alwaresi ýeňdi diýip, Gazeta.ru habar berýär.
Tutluşyk ähli 12 raundy hem öz içine aldy we ahyrda eminleriň biragyzdan gelen kararyna laýyklykda, 31 ýaşly russiýal türgeniň ýeňşi bilen tamamlandy - 115-113, 115-113, 115-113. Şeýlelikde, Biwol Bütindünýä boks assosiasiasynyň (WBA) wersiýasy boýunça dünýäniň superçempionynyň titulyny üçünji gezek gorady.
Ýekeje gezek hem ýeňlip görmedik Biwolyň hasabynda 11 sanysy nokaut bilen gazanylan jemi 20 ýeňiş bar. 31 ýaşly Alwaresiň netijeleriniň sanawynda 57 ýeňiş (şolaryň 39-sy nokautly), 2 ýeňliş we 2 sany hem deňme-deň netije bar.
Biwoldan öň Alwares 2013-nji ýylda diňe Floýd Meýwezer-kiçiden asgyn geldi.