Bitaraplyk - synmaz ýoly Türkmeniň

Garaşsyz hemişelik Bitarap Türkmenistanyň dünýäde abraýyny arşa göterýän, halkyny bagtyýar durmuşda ýaşadýan mähriban Arkadagymyzyň pähim-parasada ýugrulan içeri we daşary syýasatlary netijesinde, döwletimiz dünýä döwletleri bilen syýasy, ykdysady we medeni gatnaşyklary yzygiderli ösdürýär, dünýäde parahatçylygyň, asudalygyň, halklaryň arasynda dost-doganlygyň dabaralanmagyna uly goşant goşýar.

Bagtyýar zamanamyzda amala aşyrylýan işleriň, durmuşa geçirilýän özgerişlikleriň ählisiniň aňyrsynda mukaddes topragymyzda hemişelik orun tutan hoşniýetli goňşuçylyk, parahatçylyk söýüjilik, ynsanperwerlik syýasaty dur.

Milli Liderimiziň: “Bitaraplyk - bu biziň bütin dünýäde parahatçylygy ündeýän, halklary bagtyýarlyga çagyrýan hem-de ynsanperwerligi wagyz edýän ýörelgelerimizi dünýä ýaýýan taglymatdyr” diýen parasatly sözleri parahatçylygyň we ynsanperwerligiň bolan ýerinde ösüşiňem, özgerişiňem bolýandygyny subut edýär.

“Türkmenistan Bitaraplygyň mekany” ýylynda döwletimiziň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna eýe bolmagyna 25 ýyl dolýar. Bu çärýek asyryň dowamynda ýurdumyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň dünýä ýüzünde agzybirligi pugtalandyrmaga, parahatçylygy berkitmäge, ynanyşmagy ösdürmäge ýokary derejede goşant goşýandygyny görkezýän giň gerimli işleri durmuşa geçirdi.

1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 50-nji mejlisinde 185 döwletiň, şeýle hem 2015-nji ýylyň 3-nji iýunynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 69-njy mejlisinde 193 döwletiň biragyzdan goldamagynda “Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy” atly Rezolýusiýa ikinji gezek kabul edildi.

2017-nji ýylda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 71-nji mejlisinde 12-nji dekabryň “Halkara Bitaraplyk güni” diýlip yglan edilmegi Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň umumadamzat ähmiýetini ýene-de bir ýola tassyklaýan waka boldy.

Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy hiç bir ýurduň içerki işlerine gatnaşmazlygy, dünýäde ýüze çykýan meseleleri diňe diplomatik ýollar bilen çözmegi, harby we syýasy toparlanşyklara ýa-da guramalara agza bolup girmezligi we beýlekileri göz öňünde tutýar.

Hormatly Prezidentimiziň “Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy” atly kitabynda Bitaraplyk we parahatçylyk düşünjeleriniň özboluşly arabaglanyşygyny şeýle beýan edýär: “Türkmenistanyň Bitaraplyk syýasatynyň esas goýujy düzgünleri şulardyr: parahatçylygy söýüjilik, beýleki döwletleriň işine gatnaşmazlyk, olaryň özygtyýarlylygyna we çäkleriniň bitewüligine hormat goýmak, halkara harby guramalaryna we şertnamalaryna gatnaşmazlyk”.

Türkmenistan şu ýörelgelere pugta eýerip, ýurtda, sebitde, dünýäde asudalygyň, parahatçylygyň üpjün edilmegine mynasyp goşandyny goşýar.

Bitaraplyk bäbitleri utgaşdyryjy, howpsuzlygy üpjün ediji, hoşniýetli gatnaşyklara we ösüşlere bolan islegleri jebislendiriji halkara-hukuk guraly bolup, adamzat bähbitlerine, täze başlangyçlara giň ýol açýar.Dünýäde parahatçylygyň, dost-doganlygyň we ynsanperwerligiň Watany hökmünde tanalýan Türkmenistanyň Bitaraplyk syýasaty türkmen halkynyň öz gözbaşyny müňýyllyklaryň jümmüşinden alyp gaýdýan milli däp-dessurlary, hoşniýetli goňşuçylyk, parahatçylyk söýüjilik ýörelgeleri bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr.

Türkmen halkynyň goňşy-golama sarpa goýmak, olar bilen goňşuçylyk gatnaşygyny saklamak, myhmansöýerlik, myhmany ataňdan-da uly saýmak däpleri dana ata-babalarymyzyň bize miras goýan milli hazynasydyr.Ol hazyna bereketli türkmen topragynyň mährine kalbyny çoýan her bir adam üçin egsilmejek ruhy baýlykdyr.

Bu günki gün bolsa, Türkmenistanyň milli ruhy gymmatlyklarymyzdan gözbaş alýan, ýurdumyzyň Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna esaslanýan içeri we daşary syýasaty dünýä bileleşiginde uly goldaw tapýar. Çünki ol syýasat deňhukuklylyk we birek-birege hormat goýmak ýörelgelerine daýanýar.

Dana Türkmen “Agzybire Taňry biýr” diýen pähime hemişe özüniň durmuş ýörelgesiniň üýtgewsiz kadasy hökmünde garaýar.Türkmenistanyň ähli ugurlarda alyp barýan döwlet syýasaty bu pähime ýugrulandyr.Bu bolsa, ýurdumyzyň ykdysady, durmuş-medeni taýdan durnukly ösdürilmeginde uly ähmiýete eýedir.

Hoşniýetli hyzmatdaşlyga, özara düşünişmäge we ynanyşmaga esaslan-ýan, türkmen halkynyň milli bähbitlerini umumadamzat bähbitleri bilen utgaşdyrýan türkmen diplomatiýasy bu günki gün Diýarymyzy agzybirligiň, jebisligiň, abadan-çylygyň, ösüşleriň mekanyna öwürdi.

Gahryman Arkadagymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda ýurdumyzda ýaýbaňlandy-rylýan giň gerimli özgertmeler, ykdysadyýetde ýetilen belent sepgitler ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny aňlatmak bilen birlikde, ählumumy parahatçylygy we deňhukukly ösüşi maksat edinýän halkara hyzmatdaşlygyň miweleridir.

Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi bolan Watanymyz diňe bir sebitiň däl, eýsem dünýäniň ýurtlaryny dost-doganlyga, parahatçylyga çagyryjy merkez bolup durýar. Ýurdumyz öz Bitaraplyk hukuk ýagdaýyny esas edinip, parahatçylygy we ylalaşygy, hoşniýetli gatnaşyklary ösdürmekde uly hyzmatlary bitirýär. Şonuň üçin hem durnukly ösüş ýolundan ynamly öňe barýan, halkyň parahat durmuşda bolelin ýaşamagynyň üpjün edilmegini döwletiň baş wezipesi edip goýýan Türkmenistan bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygyň gerimini giňeltmäge bolan isleg dünýä ýurtlarynda barha artýar. Özara bähbitli hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi bolsa, öňegidişlikleri gazanmaga mümkinçilik berýär. Ýurdumyzyň ykdysady kuwwatynyň artdyrylmagyna uly itergi berjek täze döwrebap senagat desgalarynyň, medeni-durmuş ähmiýetli binalaryň gurlup ulanylmaga berilmegi munuň aýdyň mysalydyr.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ylym, bilim ulgamynda hem dünýä döwletleri we halkara guramalary bilen işjeň hyzmatdaşlyk gatnaşyklary ýola goýuldy.

Hormatly Prezidentimiziň ähli ösüşleriň gözbaşy bolan bilimi, ylmy ösdürmäge, dünýä ylmynyň iň täze gazananlaryny, öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmaga, ähli pudaklarda sanly ulgama işjeň geçilmegine aýratyn uly ähmiýet berýär.Watanymyzyň dürli künjeklerinde dünýä ylmynyň soňky gazananlary bolan iň täze döwrebap enjamlar bilen üpjün edilen çagalar baglarynyň, orta mekdepleriniň, ýörite orta hünär we ýokary okuw mekdepleriniň gurlup ulanylmaga berilmegi, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Milli kosmos agentliginiň döredilmegi, Älem giňişliginde Türkmenistanyň öz emeli hemrasynyň ganat germegi, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Tehnologiýalar merkeziniň açylmagy Arkadag Prezidentimiziň türkmen döwletiniň dünýäniň iň ösen ýurtlarynyň hatarynda öz mynasyp ornuna eýe bolmagy ugrundaky ýadawsyz tagallalarynyň miweleridir.

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Diýarymyzda durmuşa geçirilýän, halkyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da gowulandyrmaga, dünýä halklarynyň arasynda özara bähbitli dostlukly gatnaşyklary ösdürmäge gönükdirilen giň gerimli özgertmeler, uzak möhletleýin maksatnamalar, iri taslamalar Ýer ýüzünde uly gyzyklanma döredýär.

Ykdysady taýdan kuwwatly, syýasy taýdan durnukly ýurdumyzyň ýokary ösüşlere beslenýän şu gününe we ertirine uly ynam bilen garalýar.Ykdysadyýetimiziň dürli pudaklarynda durmuşa geçirilýän uzak möhletleýin maksatna-malaryň, taslamalaryň dünýäniň öňdebaryjy döwletleriniň we iri kompaniýalarynyň maýa goýumlaryny özüne çekýändigi hem muňa aýdyň şaýatlyk edýär.

Mähriban Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary bilen milli ykdysadyýetimizi diwersifikasiýalaşdyryp ösdürmek, ýurtda durnukly ykdysady ösüşi üpjün etmek, ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak, ähli ykdysady pudaklary sanlylaşdyrmak hem-de bank ulgamynyň işine döwrebap tehnologiýalary giňden ornaşdyrmak wezipeleri durmuşa geçirilýär. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda maliýe we bank ulgamyndaky özgertmeleriň ählisi ýurdumyzyň raýatlarynyň hal ýagdaýyny dünýäniň öňdebaryjy döwletleriniň derejesine ýetirmäge gönükdirilendir.

Häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň giň goldawy bilen, ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ähli pudaklarynda işjeň ornaşdyrylýan sanly tehnologiýalar, innowasiýalar we öňdebaryjy halkara tejribeler Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň kuwwatyny yzygiderli artdyrýar. Gazanylan belent sepgitler durmuşyň ähli ugrunda giň gerimli özgertmeleri amala aşyrmak arkaly öňe barýan Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk syýasatynyň giň mümkinçilikleriniň mizemezdigini öwran-öwran teswirleýär.

Dünýäde halkyň agzybirliginiň, jebisliginiň, ynsanperwerligiň,dost-doganlygyň parahtçylygyň we durnukly ösüşiň mekany hökmünde tanalýan Bitarap Diýarymyz jahankeşdeleriň, syýahatçylaryň hem ünsüni özüne çekýär.Häzirki wagtda dünýä halklarynyň arasynda dost-doganlyk köprüsini gurýan, geçmişde bolsa Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi bolan ýurdumyz bütin adamzat üçin ähmiýetli taryhy-medeni gymmatlyklara örän baýdyr.

Türkmen Ýakyn hem Orta Gündogarda iň gadymy halklaryň biri bolmak bilen şöhratly, baý taryhly halkdyr.Geçmişde adamzat medeniýetiniň ösmeginde beýik hyzmatlary bitiren, bu günki gün bolsa dabarasy dag aşýan ýurdumyza Ýer togalagynyň dürli künjeklerinden uzak menzilleri söküp, syýahat etmäge gelýän jahankeşdeleriň sany ýyl saýyn artýar. Öz diwarlarynda taryhyň köp syrlaryny saklaýan Gadymy Merwiň, Goňurdepäniň, Amulyň, Köneürgenjiň, Nusaýyň, Dehistanyň we beýleki ýadygärlikleriň “myhmansyz” wagtyna duşmak kyn.

Türkmen topragynyň tebigatynyň gözellikleri, ýagny Garagum sährasynyň, Köpetdagyň, Köýtendagyň, Bathyzyň, Garrygalanyň haýran galdyrjy “gudratlarynyň” hem dünýäniň jahankeşdele-riniň arasyndaky meşhurlygy barha artýar.

Hormatly Prezidentimiziň Garaşsyz we hemişelik Bitarap Türkmenistanyň dünýäniň ösen ýurtlary bilen deň hatarda beyik ösüşlere sary ynamly gadam urmagy ugrunda alyp barýan syýasatynda Awaza milli syýahatçylyk zolagynyň ösdürilmegine hem uly orun berýär.

Arkadagymyzyň taýsyz tagallalarynyň netijesinde gojaman Hazaryň kenarynda özboluşly binagärlik keşbindäki ajaýyp syýahatçylyk mekany emele geldi.Awaza şu günki gün diňe bir ähli amatlyklar döredilen dynç alyş merkezi bolman, eýsem dünýä halklarynyň bähbitleriniň meseleleri boýunça döwlet derejesindäki duşuşyklaryň we dürli halkara forumlarynyň geçirilýän ýerine öwrüldi. Ýurdumyzyň halkara abraýynyň barha artmagynyň, ähli ugurlarda gazanylýan beýik ösüşleriň sakasynda bolsa, hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjilik bilen alyp barýan, oňyn Bitaraplyk taglymatyna esaslanýan parasatly, adyl syýasaty dur.

Soňky ýyllarda hormatly Prezidentimiziň başlangyçlary esasynda parahatçylyk we howpsuzlyk, durnukly energetika, ulag ekologiýa, azyk howpsuzlygy, üstaşyr-ulag geçelgeleri şeýle hem beýleki halkara ähmiýetli meseleler boýunça BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan ençeme Rezolýusiýalar kabul edildi.

Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 73-nji sessiýasynda “2021-nji ýyl Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” atly Rezolýusiýasynyň biragyzdan kabul edilmegi hormatly Prezidentimiziň halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmekde gazanan uly üstünlikleriniň biridir.

Munuň özi ýurdumyzyň daşary syýasat strategiýasynyň eziz Watanymyzyň gülläp ösmegine, ykdysady kuwwatynyň has-da berkemegine gönükdirilen tagallalarynyň, deňhukukly we özara bähbitli halkara hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan oýlanyşykly başlangyçlarynyň rowaçlyklara beslenýändigini görkezýär.Hemişelik Bitaraplyk atly baky bagtyň eýesi bolan halkymyzyň ykbalyndaky ýetilen sepgitleri, gazanylan üstünlikleri ýene näçe sanasaň sanap oturmaly.

Bitaraplyk parahatçylyga, howpsuzlyga, ynsanperwerlige, durnukly ösüşe we hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryna uzaýan ýoldur.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň iň bir şanly seneleriniň biri hökmünde taryha ýazyljak hemişelik Bitaraplygyň 25 ýyllyk toýuna ýurdumyzyň her bir ulgamy, edara kärkanalary, her bir raýaty mynasyp sowgatly barmaga taýýarlyk görýär.

Bu ajaýyp sowgat ýurdumyzyň her bir raýatynyň, edara-kärhanalarynyň, her bir pudagyň agzybirlikde we jebislikde döwlet tarapyndan öňde goýulan iş meýilnamasyny abraý bilen berjaý edip, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuşynyň mundan beýläk hem gowlanmagy, döwletimiziň dünýä ýüzünde şan-şöhratynyň has-da belentlere göterilmegi üçin mynasyp goşant goşmagydyr.

2020-nji ýylda dabaraly belleniljek Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllyk şanly senesi Birleşen Milletler Guramasynyň 75 ýyllygy bilen hem gabat gelýär.Ata Watanymyzyň Bitaraplyk derejesine buýsanjymyzyň nyşany hökmünde yglan edilen “Türkmenistan-Bitaraplygyň mekany” ýyly hem döredijilikli zähmetiň, uly üstünlikleriň we ösüşiň täze belentlikleriniň giňden dabaralanýan ýylyna öwrülýär.Ýetilen sepgitleriň hemmesi hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Türkmenistanyň ykdysady kuwwatynyň artýandygynyň, ýurdumyzda demokratiýanyň dabaralanýandygynyň, halkymyzyň parahatçylyk söýüjilikli döwlet syýasatyny goldaýandygynyň aýdyň subutnamasydyr.

Asylly başlangyçlary we beýik işleri bilen bütin dünýäde ykrar edilen döwlet Baştutanymyzyň jany sag, ömri uzak, Belent Başy aman bolsun, il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli beýik işleri hemişe üstünliklere beslensin!

“Türkmenistan-Bitaraplygyň mekany” ýylynda toýlanjak hemişelik Bitaraplygyň 25 ýyllyk baýramy mübärek bolsun!

Gyzylgül Akmämmedowa, Türkmenistanyň Merkezi bankynyň Türkmenistanyň GahrymanyA.Nyýazow adyndaky Ýöriteleşdirilen bank mekdebiniň mugallymy

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Hormatly il ýaşulusy diýen adyny dakmak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
18 adam Türkmenistanyň Hormatly il ýaşulusy adyna mynasyp boldy
Aşgabatda Mary welaýatynyň suratkeşleriniň döredijilik sergisi dowam edýär
Türkmen wekiliýeti 1-2-nji iýunda Moskwa şäherinde geçiriljek Ýaş olimpiýaçylaryň halkara forumyna gatnaşar
TÝL ― 2023: 7-nji tapgyryň duşuşyklaryndan soň gyzykly hasaplamalar
Arkadag futbol topary 8 duşuşykda 32 gol geçirdi