12-nji dekabrda bellenilýän Bitaraplyk güni mynasybetli Türkmenistanyň dürli künjeklerinde täze binalaryň açylyş dabaralary geçirildi.
Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynda daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümçiligi artdyrmak boýunça döwlet maksatnamasynyň çäklerinde ýurduň telekeçileri tarapyndan birbada iki sany iri maldarçylyk toplumy ulanmaga berildi. Bu kärhanalaryň birinjisiniň önümçilik kuwwaty her ýylda 200 tonna ete barabar. Häzirki döwürde onuň fermasynda 120 baş gara mal saklanylýar. Geljekde ol mallaryň sanyny 800-e ýetirmek meýilleşdirilýär.
Ikinji toplumda ýokary hilli sygyr etini, şol sanda daşary ýurda iberiljek et önümlerini öndürmek planlaşdyrylýar. TDH-nyň habar bermegine görä, “munuň üçin Germaniýadan aberdin-angus tohumyndan bolan 69 sygyr getirildi”. Häzirki döwürde bu ýerde 600-e golaý mal bar. Ilkibada toplumda ýylda 15 tonna et öndüriler. Soňlugy bilen onuň möçberi 180 tonna ýetiriler.
Paýtagtyň Bagtyýarlyk etrabynyň çäginde täze häzirki zaman sowadyjy ammar ulanmaga berildi. Ol birbada 2 müň tonna gök önümleri saklamaga niýetlenendir. Täze binanyň açylyş dabarasy mynasybetli kärhana 4, 12 we 25 tonnalyk täze sekiz sany awtosowadyjy we dört sany awtokar preziddent Gurbanguly Berüdimuhamedowyň adyndan sowgat berildi.
Kaka etrabynyň merkezinde we Gökdepe etrabynyň Hurmantgökje obasynda iki sany täze lukmançylyk desgalary açyldy.
Ahal welaýatynyň Kaka etrabyndaky täze çagalar bagy parlamentiň deputaty Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda açyldy.
1 of 7
Balkanabatda ýokary amatlylygy bolan täze ýaşaýyş jaýynyň açylyş dabarasy boldy, Serdar etrabyndaky maldarçylyk toplumynyň taslama kuwwaty ýylda 500 tonna et öndürmäge niýetlenen.
Daşoguz şäherinde dört gatly ýaşaýyş jaýlarynyň birbada üçüsi ulanmaga berildi, Köneürgenç etrabynda täze iri ýyladyşhana toplumy ulanylmaga berildi. Ol her ýylda 1800 — 2000 tonna önüm öndürer.
Türkmenabat şäherinde ammar jaýy bolan häzirki zaman sowadyjy enjamlary bilen üpjün edilen toplum ulanmaga berildi. Ol birbada 3 müň tonna gök önümi saklamaga niýetlenen.