Bitaraplyk buýsanjymyz

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halky her bir gününi dünýäniň hakydasynda yz goýýan taryhy wakalaryň şaýady bolup ýaşaýar.Möhüm senelerdir şanly wakalar dünýä jemgyýetçiliginiň nazaryny Diýarymyza gönükdirip, olaryň ýurdumyza bolan gyzyklanmalaryny barha artdyrýar.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň alyp barýan parasatly, täzeçil syýasatlary netijesinde eziz Watanymyz gysga döwrüň içinde batly depginler bilen ösýän ýurtlaryň sanawynda orun aldy.

Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 2017-nji ýylda geçirilen 71-nji mejlisinde 12-nji dekabryň Halkara Bitaraplyk güni diýlip yglan edilmegi baradaky Kararnamasynyň biragyzdan kabul edilmegi Türkmenistanyň parahatçylyk döredijilikli kuwwatynyň uly ähmiýete eýediginiň aýdyň subutnamasydyr.

Mälim bolşy ýaly, şu ýyl geçirilen BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynyň 63-nji plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy esasynda 2025-nji ýyl Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly atly Kararnama biragyzdan kabul edildi.

Ýurdumyz dünýäde ylalaşyklaryň hem-de hyzmatdaşlygyň köpugurly ýörelgesini işläp taýýarlamaga, Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmäge saldamly goşant goşýandygyna buýsanmaga haklydyr.Türkmenistan ösüş babatda saýlap alan ýoly bilen, BMG-niň beren derejesini toplumlaýyn özgertmeleri üstünlikli durmuşa geçirmek, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmak üçin ulanýar hem-de halklaryň ýakynlaşmagyna we özara bähbitli hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna ýardam edýän milli, sebit we halkara ähmiýetli iri düzümleýin taslamalary amala aşyryp gelýär.

Eziz Watanymyzyň Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan resmi taýdan ykrar edilen ilkinji Bitarap döwlet bolandygyny nazara alsaň, bu waka dünýä diplomatiýasy üçin möhüm wakalaryň birine öwrüldi.

Garaşsyzlygymyzyň ilkinji ýyllaryndan Türkmenistan özüni parahatçylyk dörediji döwlet hem-de Milletler Bileleşiginiň strategik hyzmatdaşy hökmünde ykrar etdirip, bu belent ady anyk ädimleri bilen berkitdi.

Nurgeldi IŞANOW,

Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Ýöriteleşdirilen harby-deňiz mekdebiniň mugallymy.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllyk baýramy mynasybetli döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda
ABŞ-nyň Razwedka Gullugy Russiýa-Ukraina Söweşinde Möhüm Pozisiýa Eýeledi
Hakan Fidan Braziliýada Möhüm Duşuşyklar Geçirdi
Türkiýe Döwrebap Harby Uçar Öndürmekde Möhüm Sepgide Ýetdi
Daşary Işler Ministri Fidan, Mýunhende Möhüm Duşuşyklar Geçirdi
Gebreýesus Global Pandemiýalara Garşy Göreş Boýunça Möhüm Beýannama Berdi