Bitaraplyk asudalygyň ilçisi, geljegiň çelgisi

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde, asmanymyzyň asuda, ýurdumyzyň abadan bolmagyny dilleriniň senasyna öwren pederlerimiziň eden arzuw-umytlary bu günki gün hasyl bolýar.

Köklerini gadymyýetiň jümmüşinden alyp gaýdýan türkmen halky asuda durmuş isläp, bir bitewi döwlet gurmagyň arzuwynda ýaşapdyrlar.Ata-babalarymyzyň arzuwy asyrlar aşyp hasyl bolup, Garaşsyz, hemişelik Bitarap türkmen döwleti kemala geldi.

Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň oňyn özgertmeleri, hoşniýetli öňdengörüjilikli syýasaty netijesinde Türkmenistan dünýäniň ösen döwletleriniň hataryna goşuldy.Bu gün Türkmenistan dünýä ýüzünde ylalaşdyryjy, asudalygy ündeýän, goňşuçylyk gatnaşyklaryna ygrarly ýurt hökmünde tanalýar.

1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynda taryhy Rezolýusiýa kabul edildi.Rezolýusiýa laýyklykda, türkmen döwleti ilkinji bolup halkara hukuk derejesine hemişelik Bitaraplyk derejesine eýe boldy.

Bitaraplyk güni Garaşsyz türkmen döwletiniň taryhyna altyn harplar bilen ýazylan şanly seneleriň biridir.Eýsem, Bitaraplyk näme?Bitaraplyk dünýä döwletleri bilen ylalaşykly ýaşamak diýmekdir.Bitaraplyk türkmen döwletiniň gülläp ösmeginde badalga boldy.

Parahatçylygy we durnuklylygy saklaýan türkmen döwletimiz ykdysadyýet, medeniýet we beýleki ulgamlaryň ählisi boýunça çalt depginler bilen ösýär. Ýurdumyz Bitaraplyk ýörelgelerine ygrarly bolmak arkaly, halkara gatnaşyklaryny yzygiderli giňeldýär.Bitaraplyk gününiň şanly 28 ýyllygynyň uludan toýlanylýan Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda ýurdumyzda birnäçe ösüş-özgerişler amala aşyryldy.

Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde, parahatçylygyň, ylalaşygyň we halklaryň arasyndaky dostlugyň hakyky merkezine öwrülen Aşgabatda Birleşen Milletler Guramasy we beýleki ençeme abraýly halkara guramalar bilen bilelikde uly forumlar we adamzat jemgyýetine ähmiýetli duşuşyklar ençemesi geçirildi.

Bilşimiz ýaly, 2007-nji ýylda Aşgabatda BMG-niň Merkezi Aziýa üçin Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň açylmagy bilen ýurdumyz sebitde ylalaşdyryjy merkeze öwrüldi.Türkmenistanyň BMG bilen hyzmatdaşlygy strategiki we uzakmöhletleýin häsiýete eýedir.

Türkmenistan bütin dünýäde we sebit möçberinde söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmek meselelerinde daşary ýurt maýasyny, tehnologiýasyny, tejribesini ýurduň ykdysadyýetine giňden çekmek arkaly beýleki ýurtlar bilen hoşniýetli, dostlukly hyzmatdaşlygy ýola goýýar.

Türkmenistan döwletimiziň Bitaraplyk hukuk kadalaryny birkemsiz ýerine ýetirýändigi göz öňünde tutulyp, Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan 2015-nji ýylyň 3-nji iýunynda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy hakyndaky Rezolýusiýa ikinji gezek tassyklanyldy. 2017-nji ýylyň 2-nji fewralynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň Rezolýusiýasy esasynda 12-nji dekabr Halkara Bitaraplyk güni diýlip yglan edildi.

Bu günki gün türkmen Bitaraplygy dünýäniň çar künjünde halkara derejesinde bellenilýär.Bu bolsa ýurdumyzyň uly abraýdan peýdalanýandygyny görkezýär.

Türkmenistan Açyk gapylar syýasatynyň halkara kadalaryna laýyklykda, dünýädäki ähli döwletler bilen dostluk, birek-biregi hormatlamak, birek-birege ynam etmek, özara ýardam bermek esasynda özara gatnaşygyny ösdürýär. Şeýle özara hyzmatdaşlyk esasynda söwda-ykdysady gatnaşyklary, ählumumy parahatçylygy, howpsuzlygy we durnuklylygy pugtalandyrmak işine önjeýli goşant goşant goşýar.

Oňyn Bitaraplyk syýasaty ýurdumyzyň halkara derejesindäki at-abraýynyň has-da beýgelmegini şertlendirýär.Bitarap Türkmenistanyň häzirki döwürdäki derwaýys meseleleriň çözülmegine gönükdirilen netijeli başlangyçlary dünýä bileleşigi tarapyndan giňden goldaw tapýar we ykrar edilýär.

Bitaraplyk ýörelgesiniň rowaçlanmagy, dünýäde asudalygyň höküm sürmegi ugrunda dünýä ähmiýetli işleri alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, işleri rowaç bolsun!

Miwe ÇARYÝEWA, Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň talyby.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidenti Eýranyň energetika ministrini we MB-niň başlygyny kabul etdi
Magtymguly we matematika ylmy
BMG-niň oýunlary: Türkmenistanda sport diplomatiýasy boýunça täze halkara başlangyçlar ara alnyp maslahatlaşyldy
BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşi Demirgazyk akym boýunça Rezolýusiýany kabul etmedi
TÜRKMENISTANYŇ BAŞLANGYJY ESASYNDA BMG-NIŇ BAŞ ASSAMBLEÝASY TARAPYNDAN MERKEZI AZIÝA PARAHATÇYLYK, YNANYŞMAK WE HYZMATDAŞLYK ZOLAGY ATLY KARARNAMA KABUL EDILDI
Balkan zawody täze gury ýük gämileri üçin IMO belgileri aldy