Bitaraplyk abadan durmuşyň gözbaşy atly söhbetdeşlik geçirildi

Bitaraplyk abadan durmuşyň gözbaşy atly söhbetdeşlik geçirildi

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Gurbannazar Ezizow adyndaky kitaphana şahamçasy bilen Türkmen döwlet medeniýet institutynyň bilelikde guramagynda Halkara Bitaraplygymyzyň 28 ýyllygy mynasybetli Bitaraplyk abadan durmuşyň gözbaşy atly söhbetdeşlik geçirildi.

Söhbetdeşlikde hemişelik Bitaraplyk türkmen halkynyň gadymdan gelýän parahatçylygyny şöhlelendirmek bilen türkmen halkynyň häzirki döwürdäki bähbitlerine laýyk gelýär hem-de dünýä bileleşiginiň ösüş hereketleri bilen sazlaşykly utgaşýar. Hut şonuň üçin hem, hemişelik Bitaraplyk syýasaty halkara gatnaşyklarynda ägirt uly döredijilikli güýje eýedir diýip giňişleýin gürrüň berdiler.

Söhbetdeşligiň ahyrynda bagtyýar halkyny asuda asmanyň astynda, parahat zeminiň üstünde eşretli durmuşda ýaşamaga, işlemäge döredip berýän uly mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy.

Ýene degişli makalalar

Moskwada geçirilen halkara onlaýn festiwal-bäsleşiginde türkmenistanly operaçy birinji orny eýeledi
Tebigat we ekologiýa
AKYLDAR ŞAHYRYŇ DÜNÝÄ NUSGALYK ESERLERI
Hormatly Prezidentimiziň Permany bilen ildeşlerimize Türkmenistanyň Türkmenistanyň at gazanan itşynasy diýen hormatly atlar dakyldy
Aşgabatda Mukama siňen ömür atly festiwalyň açylyş dabarasy geçirildi
Mukama siňen ömür atly festiwal başlady
NESILLERIŇ ŞATLYGY HER ÖÝÜŇ ABATLYGY