13-nji oktýabrda Gyrgyzystanyň paýtagty Bişkek şäherinde Gyrgyzystanyň Prezidenti Sadyr Žaparowyň başlyklyk etmegine GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçiriler. Oňa Arakalaşyga agza döwletleriň döwlet Baştutanlarynyň gatnaşmagyna garaşylýar. Bu barada Gyrgyzystanyň Prezidentiniň Diwanynyň daşary syýasat bölüminiň dolandyryjysy Muratbek Azymbakiýew mälim etdi.
Muratbek Azymbakiýewiň aýtmagyna görä, sammitiň dowamynda Arkalaşyga agza döwletleriň söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlardaky hyzmatdaşlygyny giňeltmäge we pugtalandyrmaga gönükdirilen möhüm çözgütler kabul ediler.
Mundan başga-da, 12-nji oktýabrda Bişkek şäherinde Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň düzümine görýän döwletleriň daşary işler ministrleriniň geňeşiniň mejlisi geçirilip, onda döwlet Baştutanlarynyň gatnaşmagyndaky ýokary derejeli sammite taýarlyk bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşylar.