Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 253-si hasaba alyndy.
Daşary ýurt walýutasyna Birleşen Arap Emirliklerinden, Panamadan, Owganystandan gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen uçat kerosinini, awtobenzini, gidroarassalanan dizel ýangyjyny, senagat ýagyny satyn aldylar. BAE-den gelen täjirler karbamid (Türkmensenagat eksport-import APJ) we polietilen, Beýik Britaniýaly işewürler toparynyň wekilleri bolsa EKO-93 awtobenzinini (Türkmengaz DK) satyn aldylar.
Bulardan başga-da, daşary ýurt walýutasyna reňksiz list aýna, jinsi mata, boýalan tüýjümek önümler, nah ýüplük ýerlenildi. Satyn alan ýurtlar: Russiýa, ABŞ, BAE, Türkiýe, Azerbaýjan, Özbegistan, Gyrgyzystan. Geleşikleriň umumy bahasy ABŞ-nyň 9 million 567 müň dollaryndan gowrak boldy.
Şonuň ýaly-da, Şweýsariýadan gelen telekeçiler bahasy 70 müň ewro bolan Tesla model Х elektrokaryny satyn aldylar.
Manat serişdelerine Şotlandiýadan, Birleşen Arap Emirliklerinden, Türkiýeden, Gazagystandan gelen işewürler jemi bahasy 27 million 42 müň manatlykdan gowrak bolan nah ýüplügi satyn aldylar.
Ýurdumyzyň telekeçileri içerki bazar üçin jemi bahasy 79 million manada golaý bolan ýokary dykyzlykdaky polietilen we polipropilen (Türkmengaz DK), elde dokalan haly we pagta-süýümini satyn aldylar.