Birža söwdalarynda Türkmennebit döwlet konserniniň önümleri uly islege eýe boldy

Birža söwdalarynda Türkmennebit döwlet konserniniň önümleri uly islege eýe boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 23-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berdi.

Habarda bellenilişi ýaly, Türkiýäniň, Owganystanyň, Gruziýanyň we Täjigistanyň işewür toparlarynyň wekilleri Türkmennebit döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen nebit ýol bitumyny, dizel ýangyjyny, suwuklandyrylan gazy, şeýle hem Türkmengaz döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen suwuklandyrylan gazy satyn aldylar.

Serbiýanyň telekeçilerine buýan köküniň ekstrakty ýerlenildi. Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 15 million 505 müň dollaryndan gowrak boldy.

Ýurduň işewürleri içerki bazar üçin jemi bahasy 13 million 312 müň manatdan gowrak bolan binýatlyk ýagy we nebit ýol bitumyny (Türkmennebit döwlet konserni), float aýnasyny, el halylaryny, arassalanan nah galyndylaryny satyn aldylar diýlip, habarda bellenilýär.

Ýene degişli makalalar

Birža söwdalarynda 25 million dollara golaý ylalaşyk baglaşyldy
Birža söwdalarynda geleşikleriň 43-si hasaba alyndy
Birža söwdalarynda geleşikleriň 46-sy hasaba alyndy
Birža täzelikleri
Birža söwdalarynda geleşikleriň 31-si hasaba alyndy
Birža söwdalarynda 15 million dollar golaý geleşik baglaşyldy