Birža söwdalarynda Türkmennebit döwlet konserniniň önümleri uly islegden peýdalanyldy

Birža söwdalarynda Türkmennebit döwlet konserniniň önümleri uly islegden peýdalanyldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 20-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berdi.

Habarda bellenilişi ýaly, Birleşen Arap Emirlikleriniň, Türkiýäniň, Owganystanyň, Ukrainanyň telekeçileri Türkmennebit döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen az kükürtli ýangyç mazudyny, şeýle hem Türkmenhimiýa döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen karbamidi satyn aldylar.

Mundan başga-da, daşary ýurt puluna Türkiýäniň, Azerbaýjanyň işewürleri jins matasyny, nah ýüplügi, dokma galyndylaryndan gaýtadan dikeldilen süýümi, nah galyndylaryny satyn aldylar. Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 41 million 833 müň dollaryndan gowrak boldy.

Ýurduň işewürleri içerki bazar üçin jemi bahasy 15 million 268 müň manada deň bolan polipropileni we binýatlyk ýagy (Türkmennebit döwlet konserni), float aýnasyny satyn aldylar diýlip, habarda bellenilýär.

Ýene degişli makalalar

Birža söwdalarynda geleşikleriň 43-si hasaba alyndy
Birža söwdalarynda 15 million dollar golaý geleşik baglaşyldy
Birža söwdalarynda 25 million dollara golaý ylalaşyk baglaşyldy
Birža söwdalarynda geleşikleriň 22-si hasaba alyndy
Birža söwdalarynda geleşikleriň 31-si hasaba alyndy
Birža söwdalarynyň 25-si hasaba alyndy
Birža söwdalarynda geleşikleriň 25-si hasaba alyndy