Birža söwdalarynda geleşikleriň bahasy 15 million 600 müň dollara golaý boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 16-sy hasaba alyndy.

Daşary ýurt puluna Birleşen Arap Emirlikleriniň, Türkiýäniň, Owganystanyň, Özbegistanyň telekeçileri Türkmennebit döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen suwuklandyrylan gazy, nebit ýol bitumyny, binýatlyk ýagy, gidrousulda arassalanan dizel ýangyjyny satyn aldylar.

Mundan başga-da, daşary ýurt puluna Türkiýäniň, Azerbaýjanyň telekeçilerine boýalan tüýjümek önümler we nah galyndylary ýerlenildi. Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 15 million 598 müň dollaryndan gowrak boldy.

Ýurdumyzyň telekeçileri içerki bazar üçin jemi bahasy 77 million 81 müň manatdan gowrak bolan polipropileni we nebit ýol bitumyny (Türkmennebit döwlet konserni), şeýle hem float aýnasyny, el halylaryny we pagta süýümini satyn aldylar.

Ýene degişli makalalar

Birža söwdalarynda geleşikleriň 19-sy hasaba alyndy
Birža söwdalarynda 86 million dollara golaý geleşikler baglaşyldy
Birža täzelikleri
Birža söwdalarynda Türkmennebit döwlet konserniniň önümleri uly islege eýe boldy
TDHÇMB-da çarşenbe güni eksport geleşikleri $19 milliona golaýlady
TDHÇMB-da duşenbe güni eksport geleşikleri $27 milliona golaýlady