Birža söwdalarynda geleşikleriň bahasy 1 million 257 müň dollardan gowrak boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 13-si hasaba alyndy.Daşary ýurt puluna Birleşen Arap Emirlikleriniň we Türkiýäniň telekeçileri Türkmennebit döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen nebit bitumyny we polipropileni satyn aldylar.

Mundan başga-da, daşary ýurt puluna Birleşen Arap Emirlikleriniň, Türkiýäniň, Germaniýanyň, Gyrgyzystanyň telekeçilerine boýalan tüýjümek dokma önümleri, buýan kökünden taýýarlanylan çaý içgisi, nah ýüplügi ýerlenildi.Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 1 million 257 müň dollaryndan gowrak boldy. Ýurdumyzyň işewürleri içerki bazar üçin nah ýüplügini, ýoduň spirtli erginini we pagta süýümini satyn aldylar.

Geleşikleriň umumy bahasy 3 million 801 müň manatdan gowrak boldy. /* custom css */ .td_uid_15_673345761e663_rand.td-a-rec-img { text-align: left; } .td_uid_15_673345761e663_rand.td-a-rec-img img { margin: 0 auto 0 0; }

Ýene degişli makalalar

Birža söwdalarynda 15 million dollar golaý geleşik baglaşyldy
Birža söwdalarynda geleşikleriň 31-si hasaba alyndy
Birža täzelikleri
Birža söwdalarynda geleşikleriň 9-sy hasaba alyndy
Birža söwdalarynda Türkmennebit döwlet konserniniň önümleri uly islege eýe boldy
Birža söwdalarynda geleşikleriň 8-si hasaba alyndy