Birža söwdalarynda geleşikleriň 8-si hasaba alyndy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 8-si hasaba alyndy.

Daşary ýurt puluna Türkiýäniň, Täjigistanyň we Owganystanyň işewür toparlarynyň wekilleri Türkmennebit döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen, jemi bahasy ABŞ-nyň 3 million 561 müň dollaryndan gowrak bolan suwuklandyrylan gazy satyn aldylar. Ýurdumyzyň telekeçileri içerki bazar üçin polipropilen (Türkmennebit döwlet konserni), nah ýüplük we nah galyndylaryny satyn aldylar. Geleşikleriň jemi bahasy 7 million 91 müň manatdan gowrak boldy.

Ýene degişli makalalar

Birža söwdalarynda geleşikleriň 43-si hasaba alyndy
Birža söwdalarynda geleşikleriň 25-si hasaba alyndy
Birža söwdalarynyň 25-si hasaba alyndy
Birža söwdalarynda 43 million dollara golaý geleşik baglaşyldy
Birža söwdalarynda geleşikleriň 22-si hasaba alyndy
Birža täzelikleri
Birža söwdalarynda geleşikleriň 31-si hasaba alyndy