Birža söwdalarynda geleşikleriň 46-sy hasaba alyndy

Birža söwdalarynda geleşikleriň 46-sy hasaba alyndy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 46-sy hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berdi.

Habarda bellenilişi ýaly, Birleşen Arap Emirlikleriniň, Türkiýäniň, Owganystanyň, Özbegistanyň telekeçileri Türkmennebit döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen polipropileni, suwuklandyrylan gazy we binýatlyk ýagy, Türkmenhimiýa döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen karbamidi, kükürtden arassalanan dizel fraksiýasyny satyn aldylar.

Mundan başga-da, daşary ýurt puluna Birleşen Arap Emirlikleriniň, Serbiýanyň, Türkiýäniň, Azerbaýjanyň, Özbegistanyň telekeçilerine buýan köküniň ekstrakty, guradylan buýan köki, tekiz boýalan, žakkard tüýjümek önümler, nah mata we nah ýüplük, arassalanan nah galyndylary, pagta süýümi ýerlenildi.

Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 35 million 703 müň dollaryndan gowrak boldy.

Ýerli işewürler içerki bazar üçin jemi bahasy 6 million 997 müň manatdan gowrak bolan polipropileni, nebit ýol bitumyny (Türkmennebit döwlet konserni), float aýnasyny, el halylary satyn aldylar.

Ýene degişli makalalar

Birža söwdalarynda 25 million dollara golaý ylalaşyk baglaşyldy
Birža söwdalarynda Türkmennebit döwlet konserniniň önümleri uly islege eýe boldy
Birža söwdalarynda geleşikleriň 43-si hasaba alyndy
Birža söwdalarynda geleşikleriň 25-si hasaba alyndy
Birža söwdalarynyň 25-si hasaba alyndy
Birža söwdalarynda 43 million dollara golaý geleşik baglaşyldy
Birža söwdalarynda geleşikleriň 22-si hasaba alyndy