Birža söwdalarynda geleşikleriň 38-si hasaba alyndy

Birža söwdalarynda geleşikleriň 38-si hasaba alyndy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 38-si hasaba alyndy. Bu barada TDH ýazýar.

Habarda bellenilişi ýaly, Birleşen Arap Emirlikleriniň, Owganystanyň, Özbegistanyň işewür toparlarynyň wekilleri Türkmennebit döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen uçar kerosinini hem-de polipropileni satyn aldylar.

Mundan başga-da, daşary ýurt puluna BAE-niň, Owganystanyň, Gyrgyzystanyň telekeçilerine ýorgan-düşek daşlyklary, tüýjümek matalar, jins önümleri, jins hem-de nah mata, nah ýüplük, portlandsement ýerlenildi. Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 7 million 763 müň dollaryndan gowrak boldy.

Ýurduň telekeçileri içerki bazar üçin jemi bahasy 537 million 257 müň manatdan gowrak bolan polipropileni, garylan parafin galyndysyny, binýatlyk ýagy (Türkmennebit döwlet konserni), tehniki uglerody, tehniki ýody, bişofiti, natriý sulfatyny (Türkmenhimiýa döwlet konserni), float aýnasyny we el halylaryny satyn aldylar.

Ýene degişli makalalar

Birža söwdalarynda 25 million dollara golaý ylalaşyk baglaşyldy
Birža söwdalarynda 15 million dollar golaý geleşik baglaşyldy
Birža söwdalarynda geleşikleriň 31-si hasaba alyndy
Birža söwdalarynda geleşikleriň bahasy 1 million 257 müň dollardan gowrak boldy
Birža söwdalarynda geleşikleriň 8-si hasaba alyndy
Birža täzelikleri
Birža söwdalarynda geleşikleriň 9-sy hasaba alyndy