Birža söwdalarynda geleşikleriň 31-si hasaba alyndy

Daşary ýurt puluna Birleşen Arap Emirlikleriniň we Owganystanyň işewür toparlarynyň wekilleri “Türkmennebit” döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen suwuklandyrylan gazy, gidrousulda arassalanan dizel ýangyjyny, “Türkmengaz” döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen suwuklandyrylan gazy, Türkiýäniň, Ukrainanyň işewürleri bolsa “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen karbamidi satyn aldylar.

Mundan başga-da, daşary ýurt puluna BAE-niň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Ukrainanyň telekeçilerine jins we tikinçilik önümleri, ýorgan-düşek daşlyklarynyň toplumlary, nah ýüplük, tekiz boýalan, žakkard tüýjümek önümler, portlandsement, gazlandyrylan mineral suwlar, gazlandyrylan alkogolsyz içgiler ýerlenildi.

Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 14 million 290 müň dollaryndan gowrak boldy.

Ýurdumyzyň işewürleri içerki bazar üçin jemi bahasy 21 million 264 müň manatdan gowrak bolan polipropileni (“Türkmennebit” döwlet konserni), float aýnasyny we nah ýüplügi satyn aldylar.

Ýene degişli makalalar

Birža söwdalarynda 15 million dollar golaý geleşik baglaşyldy
Birža söwdalarynda geleşikleriň 25-si hasaba alyndy
Birža söwdalarynyň 25-si hasaba alyndy
Birža söwdalarynda 25 million dollara golaý ylalaşyk baglaşyldy
Birža söwdalarynda 43 million dollara golaý geleşik baglaşyldy
Birža söwdalarynda geleşikleriň 22-si hasaba alyndy