Birža söwdalarynda geleşikleriň 22-si hasaba alyndy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 22-si hasaba alyndy.Daşary ýurt puluna Birleşen Arap Emirlikleriniň, Türkiýäniň, Özbegistanyň işewür toparlarynyň wekilleri “Türkmennebit” döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen suwuklandyrylan gazy we yşyklandyryş kerosinini, Täjigistanyň telekeçileri bolsa “Türkmengaz” döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen suwuklandyrylan gazy, Owganystanyň işewürleri “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen ECO-93 kysymly awtobenzini satyn aldylar.

Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 42 million 586 müň dollaryna barabar boldy. Ýurdumyzyň işewürleri içerki bazar üçin jemi bahasy 23 million 430 müň manatdan gowrak bolan nah ýüplügi hem-de dokma önümleriniň galyndylaryny satyn aldylar. /* custom css */ .td_uid_15_674469139bfa3_rand.td-a-rec-img { text-align: left; } .td_uid_15_674469139bfa3_rand.td-a-rec-img img { margin: 0 auto 0 0; }

Ýene degişli makalalar

Birža söwdalarynda 43 million dollara golaý geleşik baglaşyldy
Birža täzelikleri
Birža söwdalarynda 86 million dollara golaý geleşikler baglaşyldy
Nebit önümleriniň eksporty ýokarlanýan mahaly, ýurt içinde benzin gytçylygy saklanýar
Iýul II hepde: TDHÇMB-da geleşikler $85 milliondan geçdi
TDHÇMB-niň duşenbedäki eksport geleşikleri $39 milliondan geçdi