Birža söwdalarynda 86 million dollara golaý geleşikler baglaşyldy

Birža söwdalarynda 86 million dollara golaý geleşikler baglaşyldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 28-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berdi.

Habarda bellenilişi ýaly, Birleşen Arap Emirlikleriniň we Owganystanyň telekeçileri ECO-93 kysymly awtobenzini, Türkmenhimiýa döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen polietilen önümlerini, gruziýaly işewürler bolsa Türkmennebit döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen nebit ýol bitumyny satyn aldylar.

Şeýle hem BAE-niň, Türkiýäniň, Gyrgyzystanyň telekeçilerine nah ýüplük we pagta linti ýerlenildi. Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 85 million 547 müň dollaryndan gowrak boldy.

Ýurduň telekeçileri içerki bazar üçin jemi bahasy 56 million 179 müň manatdan gowrak bolan binýatlyk ýagy, garylan parafin galyndysyny (Türkmennebit döwlet konserni), float aýnasyny, el halylaryny, pagta lintini satyn aldylar.

Ýene degişli makalalar

Birža täzelikleri
Nebit önümleriniň eksporty ýokarlanýan mahaly, ýurt içinde benzin gytçylygy saklanýar
Iýul II hepde: TDHÇMB-da geleşikler $85 milliondan geçdi
TDHÇMB-niň duşenbedäki eksport geleşikleri $39 milliondan geçdi
Türkmenistan 2024-2028-nji ýyllar üçin BMG-niň Ilat we ösüş komissiýasyna saýlandy
Türkmenistan BMG-niň Durmuş ösüşi boýunça komissiýasynyň 2025 — 2029-njy ýyllar üçin agzalygyna saýlandy