Birža söwdalarynda 43 million dollara golaý geleşik baglaşyldy

Birža söwdalarynda 43 million dollara golaý geleşik baglaşyldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 22-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berdi.

Habarda bellenilişi ýaly, Birleşen Arap Emirlikleriniň, Türkiýäniň, Özbegistanyň işewür toparlarynyň wekilleri Türkmennebit döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen suwuklandyrylan gazy we yşyklandyryş kerosinini, Täjigistanyň telekeçileri bolsa Türkmengaz döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen suwuklandyrylan gazy, Owganystanyň işewürleri Türkmenhimiýa döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen ECO-93 kysymly awtobenzini satyn aldylar.

Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 42 million 586 müň dollaryna barabar boldy.

Ýurduň işewürleri içerki bazar üçin jemi bahasy 23 million 430 müň manatdan gowrak bolan nah ýüplügi hem-de dokma önümleriniň galyndylaryny satyn aldylar diýlip, habarda bellenilýär.

Ýene degişli makalalar

Birža söwdalarynda geleşikleriň 22-si hasaba alyndy
Birža söwdalarynda 86 million dollara golaý geleşikler baglaşyldy
Birža täzelikleri
Nebit önümleriniň eksporty ýokarlanýan mahaly, ýurt içinde benzin gytçylygy saklanýar
Iýul II hepde: TDHÇMB-da geleşikler $85 milliondan geçdi
TDHÇMB-niň duşenbedäki eksport geleşikleri $39 milliondan geçdi