Birža söwdalarynda 38 million dollardan gowrak geleşik baglaşyldy

Birža söwdalarynda 38 million dollardan gowrak geleşik baglaşyldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 17-si hasaba alyndy. Bu barada TDH ýazýar.

Habarda bellenilişi ýaly, Birleşen Arap Emirlikleriniň, Türkiýäniň, Owganystanyň telekeçileri Türkmennebit döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen az kükürtli ýangyç mazudyny, polipropileni, binýatlyk ýagy, şeýle hem Türkmenhimiýa döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen polietilen gaplaryny we yşyklandyryş kerosinini satyn aldylar.

Mundan başga-da, Gyrgyzystanyň we Özbegistanyň telekeçilerine nah ýüplük we aşgarlanmadyk mata ýerlenildi. Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 38 million 469 müň dollaryndan gowrak boldy.

Ýerli telekeçiler içerki bazar üçin jemi bahasy 33 million 878 müň manatdan gowrak bolan polipropileni (Türkmennebit döwlet konserni), float aýnasyny we ýüpek çig malyny satyn aldylar diýlip, habarda bellenilýär.

Ýene degişli makalalar

Birža söwdalarynda Türkmennebit döwlet konserniniň önümleri uly islege eýe boldy
TDHÇMB-da penşenbe güni eksport geleşikleri $18,2 milliondan geçdi
Birža söwdalarynda Türkmennebit döwlet konserniniň önümleri uly islegden peýdalanyldy
Birža täzelikleri
Birža söwdalarynda geleşikleriň 38-si hasaba alyndy
Birža söwdalarynda geleşikleriň 27-si hasaba alyndy