Birža söwdalarynda 25 million dollara golaý ylalaşyk baglaşyldy

Birža söwdalarynda 25 million dollara golaý ylalaşyk baglaşyldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 72-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berdi.

Habarda bellenilişi ýaly, Türkiýäniň, Gonkongyň, Owganystanyň işewür toparlarynyň wekilleri Türkmennebit döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen suwuklandyrylan gazy we yşyklandyryş kerosinini, Birleşen Arap Emirlikleriniň, Türkiýäniň, Şweýsariýanyň, Owganystanyň, Özbegistanyň, Ukrainanyň işewürleri bolsa Türkmenhimiýa döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen kükürtden arassalanan dizel fraksiýasyny hem-de karbamidi satyn aldylar.

Mundan başga-da, BAE-niň, Serbiýanyň, Azerbaýjanyň, Gyrgyzystanyň telekeçilerine ýorgan-düşek daşlyklarynyň toplumlary, nah ýüplük, buýan köküniň gury ekstrakty, jins önümleri, aşgarlanmadyk mata ýerlenildi. Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 24 million 818 müň dollaryndan gowrak boldy.

Ýurduň işewürleri içerki bazar üçin jemi bahasy 90 million 88 müň manatdan gowrak bolan nebit ýol bitumyny we gaplaýyş plýonkasyny (Türkmennebit döwlet konserni), şeýle hem float aýnasyny, el halylaryny, nah ýüplügi, dokma önümleriniň galyndylaryny satyn aldylar.

Ýene degişli makalalar

Birža söwdalarynda Türkmennebit döwlet konserniniň önümleri uly islege eýe boldy
Birža söwdalarynda geleşikleriň 46-sy hasaba alyndy
Birža söwdalarynda geleşikleriň 43-si hasaba alyndy
Birža täzelikleri
Birža söwdalarynda geleşikleriň 31-si hasaba alyndy
Birža söwdalarynda 15 million dollar golaý geleşik baglaşyldy