Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 16-sy hasaba alyndy. Bu barada Türkmenistan: Altyn asyr saýtynda habar berildi.
Habarda bellenilişi ýaly, Birleşen Arap Emirlikleriniň, Türkiýäniň, Owganystanyň, Özbegistanyň telekeçileri Türkmennebit döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen suwuklandyrylan gazy, nebit ýol bitumyny, binýatlyk ýagy, gidrousulda arassalanan dizel ýangyjyny satyn aldylar.
Şeýle hem Türkiýäniň, Azerbaýjanyň telekeçilerine boýalan tüýjümek önümler we nah galyndylary ýerlenildi. Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 15 million 598 müň dollaryndan gowrak boldy.
Ýerli telekeçiler içerki bazar üçin jemi bahasy 77 million 81 müň manatdan gowrak bolan polipropileni we nebit ýol bitumyny (Türkmennebit döwlet konserni), şeýle hem float aýnasyny, el halylaryny we pagta süýümini satyn aldylar.