Birleşik hepdesi mynasybetli Türkmensähranyň dürli künjeklerinde dabaralar geçirilýär

Yslam Pygaberi hezreti Muhammet(s.a)iň doglan günleri we Eýran senenamasynda birleşik hepdesi mynasybetli ýurdumyzyň dürli şäherlerinde we obalarynda bolşy ýaly Türkmensähraniň dürl künjeklerinde hem ýörite dabaralar geçirilýär.

şu ugurda Neginşäher-iň juma metjidinde bu şäheriň juma ymamy haj Abubekr Ahun Hojamlynyň ýolbaşçylygynda we resmileriň hemde ulamalaryň gatnaşmagynda ýörite dabaralar geçirildi.

Neginşäher-iň juma ymamy hemde Gürgen Radiosynyň ruhanyň iştanyjysy haj Abubekr Ahun Hojamly bu dabarada Yslam pygamberiniň ýöriteliklerinden we ýurtda agzybirligiň ýokary ähmiýetinden gürrüň berdiler we ilaty agzybirligi pugtalandyrmaga çagyrdylar.

Ýene degişli makalalar

Ymam Hüseýiniň ýatlamasyny saklamak Pygamberiň we onuň maşgalasynyň göwnüni hoş eden ýalydyr.
Haj Abdyrahman Ahun Teňli Tana َHezreti Zeýnab(s.a) we Aşyr aýy hakda gürrüň berýär
Aşgabatda gar arassalamak üçin 200-e golaý ýörite tehnika işe girizildi, Russiýa bilim almaga gelýän Türkmenistanyň raýatlary üçin orunlaryň sanyny öňki derejesinde saklady we beýleki habarlar
Türkmenistanyň tennis boýunça ýetginjekler ýygyndysy Aziýanyň çempionatyna gatnaşýar
Taliban häkimiýete geçmeginden bäri ilkinji gezek bir adamy halk köpçüliginiň öňünde jezalandyrdy
Prezident Serdar Berdimuhamedowyň adyna Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli gutlag hatlarynyň gelmegi dowam edýär