Birleşen Milletler Guramasynda Ýeriň ilatynyň iň ýokary dereja ýetjek wagtyny çakladylar

Birleşen Milletler Guramasynda Ýeriň ilatynyň iň ýokary dereja ýetjek wagtyny çakladylar

Birleşen Milletler Guramasynda (BMG) Ýeriň ilat sanynyň artmagynyň iň ýokary derejä ýetjek döwri barada çaklama aýtdylar. Ýagny bilermenler ilat sanynyň ösüşiniň XXI asyrda 80 göterim artjakdygyny çaklaýarlar. Bu barada guramanyň hasabatynda aýdylýar diýip, Gazeta.ru ýazýar.

Täzelenen çaklama görä, ilatyň köpelmeginiň çürbaşy 2080-nji ýyllara degişli bolar. Şol döwürde planetadaky adamlaryň sany häzirki 8,2 milliard bolmagyndan 10,3 milliarda ýeter. Şunda ösüş togtar, hatda biraz azalar hem diýip, bilermenler belleýärler.

Käbir ýurtlarda ösüşiň iň ýokary derejesi eýýäm geçildi diýip, BMG-de nygtaýarlar. Olaryň arasynda Russiýa, Germaniýa, Hytaý we Ýaponiýa bar.

Ýene degişli makalalar

Dünýäniň reňkli myhmanhanalary
Abdulhamit Süleýman Çolpan
Moskwany güýçli çabga basdy
35 ýaşly amerikalynyň keşbi sosial ulgamdan peýdalanyjylary haýran galdyrdy
Russiýa we Hindistan onýyllygyň ahyryna çenli haryt dolanyşygyny 100 milliard dollara ýetirmekçi
Eýranda Prezident saýlawlarynda öňdeligi eýeleýän dalaşgär belli boldy