Birleşen Arap Emirlikleriniň Daşary işler ministrliginden berlen ýazmaça beýannamada, Beýrutdaky ilçihananyň gaýtadan açylmagy maksady bilen ýörite toparyň Liwana gidendigi nygtaldy.
Beýannamada, Birleşen Arap Emirlikleriniň döwlet Ýolbaşçysy Muhammed bin Zaýidiň, Liwanyň Prezidenti Žozef Awn bilen geçiren telefon söhbetdeşliginden soň şeýle kararyň kabul edilendigine üns çekildi.
Birleşen Arap Emirlikleri, Liwanyň Maglumatlar ministri Kardahiniň 2021-nji ýylda Ýemen bilen Arabaglanşykly Saud Arabystanyny tankyt edýän beýannamalary sebäpli Beýrutdaky ilçisini yzyna çagyrypdy we raýatlarynyň Liwana syýahat etmeklerini gadagan edipdi.