Birinji tapgyrynda ýeňiş gazandy

13-nji oktýabrda Litwada geçirilen parlament saýlawlarynyň birinji tapgyrynda Sosial-demokratik partiýasy 20 göterim töweregi ses alyp, öňde barýar. Ikinji orunda 18 göterim töweregi ses bilen dolandyryjy konserwatiw “Watan Bileleşigi” Hristian-demokratlar gelýär.

Üçünji orunda 15 göterim ses bilen ilkinji gezek saýlawlara gatnaşýan we şu ýyl döredilen “Zarya Nemana” partiýasy gelýär.Onuň lideri, öňki deputat Remigiuýus Žemaýtiýtisdir.Sosial-demokratlaryň lideri Wiliýa Blinkewiçýute eýýäm onuň bilen hyzmatdaşlyk etmekden ýüz öwürdi, ol ilkinji gezek saýlawlara gatnaşan we bary-ýogy 9 göterim ses alan “Litwa üçin” demokratik bileleşik bilen koalisiýa hökümetini döretmäge synanyşjakdygyny aýtdy.

Ol şeýle hem, 8 göterim töweregi ses alan liberallar hereketini we 7 göterim töweregi ses alan Litwanyň daýhanlar we halkçy bileleşigini koalisiýa goşulmaga çagyrdy.

Dolandyryjy koalisiýasynyň bir bölegi bolan “Erkinlik” partiýasy saýlawlaryň 5 göterimlik böwedinden geçip bilmedi. Jemi 14 partiýa we bir koalisiýa dalaşgärleriň sanawyny hödürledi.

Saýlawlara gatnaşyk 52,36 göterim boldy. Seýma saýlawlar garyşyk ulgam boýunça geçirilýär. Mandatlaryň gutarnykly paýlanyşy 27-nji oktýabrda meýilleşdirilýän bir mandatly saýlaw okruglarynda ikinji tapgyrdan soň mälim ediler. Onuň netijeleri parlamentdäki güýçleriň deňagramlygyna täsir edip biler.

Litwa Demirgazyk Ýewropada ýerleşýän ýurt. Ilaty 2 million 866 müňden gowrak. Baltika deňzine çykalgasy bolan bu ýurt Latwiýa, Belarus, Polşa we Russiýanyň Kaliningrad sebiti bilen serhetleşýär. Paýtagty Wilnius. Şeýle hem Litwa 2004-nji ýyldan bäri Ýewropa Bileleşiginiň agzasydyr.

Ýene degişli makalalar

Litwanyň täze Premýer-ministri
Parlament saýlawlarynda ýeňiş gazandy
Germaniýa möhletinden öň saýlawlar geçiriler
Premýer-ministr işinden çekildi
Sosial-demokratik partiýasy ýeňiş gazandy
Olaf Şols gaýtadan dalaş etmekçi