Birinji raundda nokaut etdi

Boks boýunça agyr agramda WBC guşagynyň çempionlygy ugrundaky duşuşykda amerikaly boksçular — Deontaý Waýlder bilen Dominik Brizil tutluşdy.Nýu Ýorkdaky “Barclays Center” arenada geçirilen bu tutluşyk uzak wagtlap dowam etmedi.

Tutluşygyň 1-nji raundy tamamlanmanka, has takygy, 1-nji raundyň tamamlanmagyna 43 sekunt galanda (2 minut 13 sekuntda), Waýlder garşydaşyny nokaut bilen ýeňlişe sezewar etdi. Şunlukda, guşagyny goramagy başaran 33 ýaşly Waýlder 42-nji professional duşuşygynda 41-nji ýeňşini gazandy. Ýeňişleriniň 40-syny nokaut bilen gazanan Waýlderiň 1 duşuşygy-da deňlikde tamamlanypdy. 2016-njy ýylda Entoni Joşuadan asgyn gelen 33 ýaşly Brizil 20-nji duşuşygynda 2-nji gezek ýeňildi.

Waýlderiň indiki tutluşygyny şu ýylyň ahyrynda ýa-da geljek ýylyň birinji ýarymynda beýleki 3 — WBA, WBF hem-de IBF çempionlyk guşaklarynyň eýesi Entoni Joşuanyň garşysyna geçirmegine garaşylýar.

Ýene degişli makalalar

39-njy nokauty
Joşuanyň 21-nji ýeňşi,Powetkiniň 24-nji nokauty
Joşua bilen Powetkiniň tutluşygy
WBC guşagy ugrunda
Deňlikde tamamlandy
Iki ägirt güýç synanyşarmy?!