Moto GP boýunça möwsümiň 9-njy bäsleşigi bolan Germaniýa “Gran Prisinde” “Repsol Honda” toparynyň ispaniýaly sürüjisi Mark Markes ýeňiş gazandy.Ol Germaniýanyň Şemnits şäherindäki “Saçsering” trassasynda geçirilen 30 aýlawlyk ýaryşy 40 minut 59,525 sekuntda tamamlamagy başardy. 24 ýaşyndaky sürüji şu möwsümde 2-nji, karýerasy boýunça-da 31-nji gezek ýeňiş gazandy.
Pellehana ondan 3,3 sekunt giç gelen “Monster Yamaha Tech3” toparyndan germaniýaly Ýonas Folger 2-nji ýeri eýeledi.Ol 6-njy aýlawda ýaryşyň başyny başlan Mark Markesden öňe-de saýlanýar. Ýöne 11-nji aýlawda ispaniýaly pilot ýene-de birinjilige geçýär.
Germaniýa “Gran Prisinde” Markesiň topardaşy hem watandaşy Dani Pedrosa 3-nji ýere mynasyp boldy. Şeýlelikde, bu ýaryşdan soň, utugyny 129-a ýetiren Mark Markes sanawda birinji orna geçdi.Ol şu ýaryşdan öň 4-nji hatarda barýardy. Çempionlyk göreşiniň ýiti dowam edýän ýaryşynda 124 utukly Mawerik Winýales 2-nji, ondan 1 utugy az Andrea Dowizioso 3-nji, 119 utuk toplan Walentino Rossi 4-nji basgançakda barýar.
Möwsümiň 10-njy ýaryşy 6-njy awgustda Çehiýada geçiriler.