Birinji orna çykaran ýeňiş

Dünýä Ralli çempionatynda möwsümiň 2-nji ýaryşy Şwesiýada geçirildi.Gar sebäpli, 19 tapgyrdan ybarat bolan ýaryşyň 8 tapgyry geçirilmedi.Garly ýollarda geçirilen ýaryşda “Toyota Gazoo Racing” toparynyň britaniýaly sürüjisi Elfin Ewans ýeňiş gazandy.

Ol 11 tapgyry, has takygy, 171,64 kilometr aralygy 1 sagat 11 minut 43,1 sekuntda tamamlamagy başardy.Bu onuň Dünýa Ralli çempionatyndaky 2-nji ýeňşidir.Bäsleşikde häzirki çempion, estoniýaly sürüji Ott Tanak (“Hyundai Shell Mobis”) 2-nji ýeri eýeledi.

Ol ýeňijiden 12,7 sekunt yza galdy. 1 sagat 12 minut 03,3 sekuntda ýaryşy tamamlan “Toyota Gazoo Racing” toparynyň finlýandiýaly sürüjisi Kalle Rowanpera münberiň 3-nji basgançagyna çykdy.

Geçirilen 2 ýaryşdan soň, 42 utuk toplan Elfin Ewans bilen Tierri Noýwill 1-2-nji ýerleri paýlaşýarlar.Möwsümiň 3-nji ýaryşy 15-nji martda Meksikada geçiriler.

Ýene degişli makalalar

Toyotada “Hyundai” çempionlyk gazandy
Çempion özüni dürsäp başlady
“Toyotalylara” Ýaponiýada taý tapylmady
2-nji ýeri eýelese-de, çempionlyk gazandy
“Toyotalylara” taý tapylmady
Belgiýada belgiýaly sürüji ýeňiş gazandy