2019-njy ýylyň 12-nji awgustynda “Аwaza” milli syýahatçylyk zolagynda ähmiýetli çäre birinji Hazar ykdysady forumy geçirildi.Foruma Hazarýaka we beýleki döwletleriň ýokary derejeli döwlet işgärleri, halkara guramalarynyň wekilleri, ylmy işgärler, dünýäniň öňdebaryjy kompaniýalarynyň ýolbaşçylary we dünýä metbugatynyň wekilleri bilen bir hatarda, dünýäniň köp ýurdundan müňlerçe myhman geldi.Forumyň dabaraly açylyşy “Hazar deňzi: halkara ykdysady hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň bähbitleri” atly halkara maslahat bilen başlandy, onuň barşynda hormatly Prezidentimiz taryhy çykyşyny amala aşyrdy.
Döwlet Baştutanymyz dünýäniň ykdysady hem-de durmuş taýdan ösüşini pugtalandyrmak nukdaýnazaryndan Hazar deňziniň aýratyn ähmiýetini nygtap geçdi.Hazar deňziniň tebigy gorlaryny gorap saklamak we netijeli ulanmak maksady bilen täze Hazar ekologiýa maksatnamasynyň döredilmegi boýunça başlangyç orta atyldy.Şeýle hem ekologiki taýdan goraglylygy bilen birlikde Hazarda hyzmatdaşlygyň kämilleşdirilmegine seredilip geçildi, çünki olar durmuş taýdan ösüşe, durnuklylyga hem-de ykdysady integrasiýa özüniň oňyn täsirini ýetirýändir.
Bularyň ählisi 2030-njy ýyla çenli döwür üçin gün tertibiniň çäklerinde Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmeklige gönükdirilen Türkmenistanyň milli maksatnamalary we dünýä derejesinde alnyp barylýan hereketler bilen sazlaşykly utgaşdyrylýandyr.Açylyş dabarasyna “Hazar bäşliginiň” ýurtlarynyň hökümet wekilleri Azerbaýjanyň Premýer-ministri Nowruz Mamedow, Eýran Yslam Respublikasynyň birinji wise-prezidenti Eshak Jahangiri, Gazagystanyň Premýer-ministri Askar Mamin we Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygy Dmitriý Medwedew gatnaşyp, olar hem öz çykyşlarynda sebitde söwda, energetika, senagat we ulag ulgamynda hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi bilen bir hatarda syýahatçylyk pudagynyň hem geljeginiň uludygyny bellediler.
Hususan-da, Russiýanyň Premýer-ministri Dmitriý Medwedew öz çykyşynda ajaýyp tebigat, baý taryh, medeniýet bularyň hemmesi Hazar sebitine dünýä belli syýahatçylyk ugurlarynyň hatarynda mynasyp orun eýelemäge mümkinçilik berýändigini belledi.
Bilermenleriň baha bermegine görä, Hazaryň kenary her ýyl syýahatçylaryň azyndan 1 millionyny, ýagny, häzirki ýagdaýa garanyňda, has köp möçberini kabul edip bilýär.Bu ugurda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda köp işler edilýär.
Russiýanyň Hökümetiniň Başlygy bu ýerde 10 ýyl mundan öň bolandygyny belläp, Türkmenistany syýahatçylyk pudagyny ösdürmekde gazanan ajaýyp üstünlikleri bilen gutlady.Belent mertebeli myhmanlaryň belleýşi ýaly, Hazar sebitiniň özüniň baý energiýa çeşmeleri bilen köpleriň ünsüni çekýändigi mälimdir.
Pars aýlagynyň ýurtlary bilen bilelikde Hazar sebiti “energetika ellipsi” diýlip atlandyrylýan zolagy emele getirýär, onda dünýäniň nebit gorlarynyň 70 göterimine golaýy hem-de tebigy gazyň 40 göterimi jemlenendir.Hazarýaka ýurtlar üçin munuň özi elbetde, geostrategik artykmaçlykdyr we hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlarynyň biridir.Ulag düzümi barada aýdylanda bolsa Hazar sebitiniň, hakykatdan-da, dünýä geçelgeleriniň örän möhüm çatrygy bolup durýandygy bellenilip geçildi.
Soňky birnäçe ýylyň dowamynda sebitiň ulag-logistika kuwwatyny artdyrmak babatda köp işler edildi.Deňiz ulagy ulgamynda hyzmatdaşlyk hakynda bäştaraplaýyn Ylalaşygyň taslamasynyň üstünde işlenilýär.Onuň maksady Hazar deňzi boýunça bir nusgaly hem-de bäsdeşlige ukyply şertleri döretmek bolup durýar.Birinji Hazar ykdysady forumynyň diňe bir sebitde däl-de, bütin dünýäde uly gyzyklanma eýedigini aýratyn bellemek gerek.
Türkmenistanly žurnalistler bilen bir hatarda, onuň işini daşary ýurtly köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň köp sanlysynyň habarlar agentlikleriniň, tele we radio kompaniýalaryň, gazetleriň, Internet-neşirleriň wekilleri gatnaşyp, forumyň geçiş tertibini gyzgyny bilen ýetirdiler.Hormatly Prezidentimiziň oňyn başlangyçlary möhüm bolup, olar döwrüň talabyna laýyk gelýär.
Muňa birinji Hazar ykdysady forumyna gatnaşyjylaryň wekilçilikli düzümi hem aýdyň şaýatlyk edýär.Forumyň çäklerindäki çärelerde çykyş edenler Bitarap Türkmenistanyň we onuň milli Lideriniň diňe bir Hazar sebitiniň döwletleriniň däl-de, serhetdeş sebitleriň hem arasynda köptaraplaýyn gatnaşyklar üçin hemişelik esasda hereket edýän meýdançanyň döredilmegine goşýan goşandyna ýokary baha berdiler.
Bellenilişi ýaly, ýurdumyz döredijilikli parahatçylykly syýasaty üýtgewsiz durmuşa geçirmek bilen, halkara hyzmatdaşlygynyň meselelerine uzakdan görüji hem-de täzeçil çemeleşmeleri görkezýär, olaryň netijeli çözgütlerini işläp taýýarlamakda işjeň orny eýeleýär.Ikinji Hazar ykdysady forumynyň Russiýa Federasiýasynyň Astrahan şäherinde geçirilmegi göz öňünde tutulýar.