Birgi dünýäniň iň gowy obalarynyň sanawyna girdi

Izmir welaýatynyň Ödemiş etrabynyň Birgi obasy, merkezi ofisi Ispaniýanyň paýtagty Madrid şäherinde ýerleşýän BMG-nyň Bütindünýä Syýahatçylyk guramasy tarapyndan beýan edilen "2022 Dünýäniň iň gowy obalary" sanawyna girendigini habar berdi.

B.e. öňki 750-nji ýyldan bäri ýaşaýyş ýeri hökmünde ulanylan Birgi obasy, Aýdynogullary döwleti zamanyndan galan binagärçilik sungaty bilen her ýyl müňlerçe syýahatçyny kabul edýär.

Birgide Frigiýa, Lidiýa, Persiýa, Bergama, Rim we Wizantiýa döwürlerinden galan galyndylar hem bar.

Birgi obasyndaky ýaşaýyş ýerler kino film düşürmek üçin hem ulanylýar.

ÝUNESKO tarapyndan Dünýäniň medeni mirasynyň wagtlaýyn sanawyna 2012-nji ýylda alynan Birgi obasynyň 2022-nji ýyl üçin taýarlanan sanawda hem dünýäniň iň gowy 32 obasynyň biri hökmünde saýlanmagynyň obanyň abraýyna goşant goşjakdygy çak edilýär.

"2022 Dünýäniň iň gowy obalary" sylaglary 27-28-nji fewral aralygynda Saud Arabystanynyň Al-Ula şäherinde geçiriljek dabara bilen beriler.

Ýene degişli makalalar

Norwegiýada Isanyň ýüzi şekillendirilen şaýy pul tapyldy
Gadymy Afrodisias Şäheri
Müsürde 22 Sany Gadymy Mazar Tapyldy
Walla Kaniony
MADDY DÄL MEDENI MIRASYNY GORAMAK HAKYNDAKY KONWENSIÝANYŇ ÄHMIÝETI atly duşuşyk we UMUMADAMZAT ÄHMIÝETLI GYMMATLYKLAR GADYMY MERWDE atly sergi
Miniatýura sungatynyň ösüş ýoly