Merkezi Aziýanyň Futbol assosiasiýasynyň çempionatynyň 1-nji tapgyryndaky Täjigistan ― Türkmenistan duşuşygynda (1:1) birbada dört futbolçy ilkinji gezek türkmen ýygyndysynyň düzüminde duşuşyk geçirdi. Bu barada transfermarkt.world-da berilýän protokolda aýdylýar.
Olaryň üçüsi esasy düzümde meýdana çykdy. Has takygy, esasy düzümdäki oýunçylardan Arkadag toparynyň 21 ýaşly goragçysy Arzuwguly Sapargulyýew bilen ýene şol toparyň 22 ýaşly goragçysy Yhlas Toýjanow, Gyrgyzystanyň Abdyş-Ata toparyndan 22 ýaşly ýarym goragçy Teýmur Çaryýew futbol ýolunda ilkinji gezek milli ýygyndynyň köýnekçesini geýdi.
Şeýle hem baş tälimçi Mergen Orazow ätiýaçdaky oýunçylarda Arkadag toparynyň 26 ýaşly goragçysy Şanazar Tirkişowy meýdana goýberdi.
1:1 hasabyndaky deňlik bilen tamamlanan duşuşygyň iň gowy oýunçysy diýlip Arkadag toparynyň 22 ýaşly derwezeçisi Resul Çaryýew yglan edildi.
Türkmenistanyň futbol boýunça milli ýygyndysy toparçalaýyn tapgyrdaky ikinji duşuşygyny 14-nji iýun güni Özbegistanyň, üçünji duşuşygyny bolsa 17-nji iýun güni Omanyň ýygyndylary bilen geçirer.
Her toparçadan birinji orny eýelän ýygyndylar final duşuşygyna çyksa, ikinji orny eýelänler üçünjilik üçin göreşerler.
Ýaryşyň final tapgyry 20-nji iýun güni Daşkent şäherinde geçiriler.