Bir suprada taýýar kylynsa aşlar

20-nji sentýabrda ýurdumyzyň baş baýramy bolan Garaşsyzlyk gününiň öňüsyrasynda paýtagtymyzyň Mekan köşgünde Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň XXIV maslahaty geçirildi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda geçirilen foruma daşary ýurtlarda kowçum bolup ýaşaýan türkmenleriň wekilleri we Watanymyzyň dürli künjeklerinden gelen ildeşlerimiz gatnaşdylar.

Şanly waka mynasybetli paýtagtymyzyň “Mekan” köşgüniň öňündäki meýdançada medeniýet işgärleriniň we sungat ussatlarynyň aýdym-sazly çykyşlary ýaýbaňlandyryldy.

Gahryman Arkadagymyz foruma gatnaşyjylaryň öňünde giriş sözi bilen çykyş etdi.

DTYB-nyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow guramanyň agzalaryny mübärekläp, indi birnäçe ýyl bäri mukaddes Garaşsyzlyk baýramynyň öň ýanynda Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň maslahatyny geçirmegiň asylly däbe öwrülendigini belledi. “Ynha, bu günem şol asylly däbimize eýerip, milli Garaşsyzlygymyzyň 32 ýyllyk baýramynyň öňüsyrasynda Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň nobatdaky XXIV maslahatyny geçirýäris.

Sizi birleşigiň nobatdaky maslahatynda hoş gördük!” diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri sözüni dowam etdi.

Bellenilişi ýaly, Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda şanly baýramçylygyň öňüsyrasynda geçirilýän şu gezekki maslahata gatnaşmak üçin Russiýa Federasiýasyndan, Eýran Yslam Respublikasyndan, Birleşen Arap Emirliklerinden, Germaniýa Federatiw Respublikasyndan, Türkiýe Respublikasyndan, Saud Arabystany Patyşalygyndan, Gazagystan Respublikasyndan, Täjigistan Respublikasyndan, Owganystandan wekiller geldiler. Şeýle hem maslahata Halk Maslahatynyň agzalary, Mejlisiň deputatlary, birleşigiň Türkmenistandaky şahsy we köpçülikleýin agzalary, daşary ýurt wekilleri, ylym, bilim, medeniýet ulgamlarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň we ýokary okuw mekdepleriniň wekilleri, ýurdumyzyň syýasy partiýalarynyň, jemgyýetçilik birleşikleriniň ýolbaşçylary hem-de talyplar, döredijilik işgärleri gatnaşýarlar.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň XXIV maslahatyny açyk diýip yglan etdi.

Dabaraly ýagdaýda Türkmenistanyň Döwlet senasy ýaňlandy.

Soňra Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň täze maksatlaryny we wezipelerini nazara almak bilen, DTYB-nyň ýerine ýetiren işleri baradaky hasabatlary hem-de onuň işiniň esasy ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmagy özünde jemleýän forumyň gün tertibi biragyzdan tassyklanyldy.

Hormatly Prezidentimiziň maslahata gatnaşyjylara iberen Gutlagyny okamak üçin Gahryman Arkadagymyza söz berildi.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Zeminiň çar künjeginde ýaşaýan türkmenleri jebisleşdirýän hem-de adamzadyň parahatçylyk ugrundaky beýik maksatlaryna öz mynasyp goşandyny goşýan Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň alyp barýan işleri has-da kämilleşýär we rowaçlanýar.

Birleşigiň daşary ýurt bölümleri bu gün doganlyk gatnaşyklarymyzy has-da giňeltmekde, ykdysady, medeni, ylym-bilim, saglygy goraýyş, telekeçilik ýaly ugurlar boýunça netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmekde, aýratyn-da, halkymyzyň baý ruhy we medeni mirasyny wagyz etmekde uly işleri amala aşyrýarlar diýlip, Gutlagda aýdylýar.

Bellenilişi ýaly, geljekde-de dünýäniň dürli döwletlerinde ýaşaýan watandaşlarymyz bilen doganlyk gatnaşyklarymyzy has-da pugtalandyrmak biziň döwlet syýasatymyzyň esasy ugurlarynyň biri bolmagynda galar.

Biz dünýä döwletleri, şol sanda türkmenleriň kowçum bolup ýaşaýan ýurtlary bilen hoşniýetli gatnaşyklarymyzy, özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de yzygiderli pugtalandyrarys diýip, hormatly Prezidentimiz Gutlagynda nygtaýar.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň Prezidenti, Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedow Gutlagy okap, Watanymyzyň dünýäniň dürli döwletlerinde ýaşaýan doganlarymyzy özüniň atalyk aladalary bilen gurşap alýandygyny belledi.

Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Türkmenistan halkara guramalar, dünýäniň köp sanly ýurtlary bilen syýasy hem-de söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer gatnaşyklara esaslanýan giň halkara hyzmatdaşlygy yzygiderli durmuşa geçirip, bu ugurda netijeli hyzmatdaşlygyň çägini has-da giňeldýär.

Mähriban Diýarymyzda hormatly Prezidentimiziň beýik işleriniň netijesinde üstünlikli durmuşa geçirilýän maksatnamalar, gazanylýan ajaýyp üstünlikler bu gün dünýä türkmenlerini hem çäksiz buýsandyrýar we galkyndyrýar, dünýäniň dürli künjeginde ýaşaýan türkmen doganlarymyz özlerini hossarly duýýarlar, ata Watanymyzda gazanylýan taryhy ähmiýetli üstünliklere guwanýarlar diýip, Gahryman Arkadagymyz belledi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri maslahata gatnaşýan daşary ýurtly doganlarymyzyň we bu ýere ýygnananlaryň adyndan iberen çuňňur manyly, hoşniýetli arzuwly Gutlagy üçin hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden alkyş aýtdy hem-de döwlet Baştutanymyza berk jan saglyk, uzak ömür, il-ýurt bähbitli işlerinde rowaçlyk arzuw etdi.

Maslahatyň dowamynda daşary ýurtly wekiller halkymyzyň abadan durmuşynyň we Türkmenistanyň halkara giňişlikdäki abraýynyň ýokarlanmagyna gönükdirilen, üstünlikli durmuşa geçirilýän iri möçberli durmuş-ykdysady maksatnamalar, ýurdumyzda amala aşyrylýan we dünýä döwletleri bilen netijeli hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdürilmegini şertlendirýän iri halkara taslamalar bilen tanyşdyryldy.

Soňra maslahata gatnaşýan daşary ýurtly watandaşlarymyza söz berildi. Çykyş edenler pederleriň mukaddes topragyna gelip görmäge we häzirki döwürde şöhraty dünýä dolan Türkmenistanyň gazanan üstünlikleri bilen içgin tanyşmaga döredilen mümkinçilik üçin çuňňur hoşallyk sözlerini beýan etdiler.

Eýrandan, Täjigistandan we Özbegistandan gelen wekiller DTYB-nyň daşary ýurtlardaky bölümleriniň işleri barada gürrüň berip, häzirki döwürde Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň sebitiň döwletleri bilen ähli ugurlarda däp bolan dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny, özara bähbitli hyzmatdaşlygy hemmetaraplaýyn ösdürmäge bolan gyzyklanmalaryny äşgär edýändigini uly buýsanç bilen nygtadylar.

Çuňňur many-mazmunly çykyşlary üçin daşary ýurtly doganlarymyza minnetdarlyk bildirip, türkmen halkynyň Milli Lideri Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe pederlerimiziň asylly däplerine eýerip, ýurdumyzda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda dünýäniň çar künjeginde ýaşaýan türkmen doganlarymyz bilen gatnaşyklary berkitmek boýunça işleriň dowam etdirilýändigini kanagatlanma bilen belledi.

Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň işine işjeň gatnaşýan, şeýle hem birleşigiň maksatlaryny, wezipelerini goldaýan, onuň işine ýakyndan ýardam berýän adamlary sylaglamak we höweslendirmek maksady bilen, Ynsanperwerligiň sarpasy atly nyşan döredildi. Şunuň bilen baglylykda, Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe DTYB-nyň işiniň kämilleşmegine goşan saldamly goşandyny, türkmen halkynyň milli medeniýetini, sungatyny, edebiýatyny, taryhyny öwrenmekde hem-de dünýäniň beýleki halklaryna ýetirmekde, dünýä türkmenleri bilen dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmakda, Garaşsyz, hemişelik Bitarap ata Watanymyzyň döwlet syýasatyny, Garaşsyzlyk ýyllarynda gazanan üstünliklerini, dünýäde parahatçylygy, hoşniýetli dost-doganlyk gatnaşyklaryny ösdürmekde, wagyz etmekde bitiren hyzmatlaryny göz öňünde tutup, şeýle hem Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 32 ýyllygy mynasybetli, Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň agzalaryny ýörite nyşan bilen sylaglamak kararyna gelendigini aýtdy.

Maslahata gatnaşyjylaryň şowhunly el çarpyşmalary astynda DTYB-nyň Prezidenti birleşigiň birnäçe agzasyny Ynsanperwerligiň sarpasy nyşany bilen sylaglamak hem-de Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň XXV maslahatyny 2024-nji ýylyň sentýabr aýynda çagyrmak hakynda Kararlara gol çekdi.

Soňra guramanyň has tapawutlanan agzalaryny, şol sanda daşary ýurtlarda kowçum bolup ýaşaýan türkmenleriň wekillerini Ynsanperwerligiň sarpasy nyşany bilen sylaglamak dabarasy boldy.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hormatly sylaglary gowşurmagy DTYB-nyň guraýan çärelerine işjeň gatnaşýan daşary ýurt raýatlarynyň we türkmenistanlylaryň döwlet derejesinde sarpalanýandygynyň nobatdaky beýanyna öwrüldi.

Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň XXIV maslahaty tamamlanandan soňra, oňa gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň adyna Ýüzlenme kabul etdiler.

Ýene degişli makalalar

DT: Türkmen gazynyň söwdasy 'gyzyşýar'
DT: Türkmen-rus gatnaşyklary: bilim hyzmatdaşlygy, ýokary okuw kwotalary we hünär tejribeleriniň alyşygy
DT: Türkmen döwleti 100 ýaşady
DT: Media serişdeleri bagtyýarlyk wagzynda 'täze taktikalardan' peýdalanýar ýerli synçy
DT: Sport syýasata gurban edilmeli däl, sport erkin bolmaly türgen, sport synçysy
“Hytera” türkmen bazaryna girmek mümkinçiliklerini öwrenýär
Türkmenistanda rus dili: Täze meýiller, köne tejribeler (3-nji bölüm) - DT