Birnäçe ýyldan bäri sürüjisiz ulaglar dürli synaglardan geçirilýär.Diňe şäheriň içindäki ýeňil ulaglar däl, eýsem, şäherara ýollarda ýük gatnadýan ulaglaryň hem sürüjisiz hereket etmegi üçin tagalla edilýär.
Bu ugurda belli bir öňegidişlik gazanyldy.Käbir kompaniýalar sürüji kabinasy bolmadyk ýük ulaglarynyň nusgalyk görnüşlerini hem çykardylar.ABŞ-nyň Orlando şäherinde bolsa, ozalkylardan has üýtgeşik sürüjisiz ulag tehnologiýasy tanyşdyryldy. “Peloton Technology” atly şereketiň işläp taýýarlan tehnologiýasynda ýük ulagynyň diňe birinde sürüji bolup, beýleki ulaglar sürüjisi bolmazdan onuň yzyndan gidýär.
Kerweniň yzyndaky ulaglar 15 metr aralykdan öňdäkini yzarlaýar.Bu ulgamda öňdäki ulag hem özbaşdak hereket edip bilýär.Emma onuň içinde sürüjisi bolup, diňe gerekli wagty ulagy dolandyrmaga gatnaşýar.
Logistika pudagyny ösdürmegine garaşylýan bu tehnologiýa barada ýakyn geljekde has köp ösüş gazanyljakdygy bellenilýär.