“Bir guşak, bir ýol” öz işine başlaýar

Şu gün Pekinde “Bir guşak, bir ýol” halkara hyzmatdaşlygy forumy öz işine başlaýar. Onuň barşynda Hytaýyň Başlygy Si Szinpin bilen Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putiniň arasynda gepleşikler meýilleşdirilýär. Bu forum Si Szinpin tarapyndan teklip edilen “Bir guşak, bir ýol” başlangyjynyň 10 ýyllygynyň çäginde geçirilýär.

Forumy geçirmek başlangyjy Hytaýyň ýolbaşçylary tarapyndan ýylyň başynda yglan edildi, ýöne anyk seneler diňe geçen hepde mälim edildi. Forumyň esasy mowzugy “Bir guşak, bir ýoluň” ýokary hilli gurluşygy, umumy ösüşiň we abadançylygyň bilelikde gazanylmagy” boldy.

Forum maksatnamasynyň jikme-jiklikleri mälim edilmedi, ýöne işewürlik babatdaky hyzmatdaşlyklary öz içine aljakdygy mälim. Şeýle hem birnäçe ýokary derejeli we tematiki forumlary geçirmek meýilleşdirilýär.

140-dan gowrak ýurt we 30 halkara guramasy, hökümet ýolbaşçylary, halkara guramalarynyň ýolbaşçylary, ministr derejesindäki işgärler we işewür toparlaryň wekilleri foruma gatnaşýarlar. Bu forumda jemi 4 müňden gowrak gatnaşyjy hasaba alyndy.

Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin we Hytaýyň Başlygy Si Szinpin 18-nji oktýabrda forumyň çäginde gepleşik geçirerler. Foruma gatnaşýanlar ikitaraplaýyn gatnaşyklar we has adalatly köp polýar dünýä tertibini döretmek meselelerini ara alyp maslahatlaşmagy meýilleşdirýärler. Syýasatçylaryň duşuşygy giňeldilen we dar görnüşde, hatda resmi gepleşikleriň çäginden daşarda-da geçiriler.

“Bi guşak, bir ýol” başlangyjy 10 ýyl mundan öň Si Szinpin tarapyndan teklip edilipdi.Bu başlangyç halkara jemgyýetçiliginden oňyn seslenme aldy, 150-den gowrak ýurdy we 30-dan gowrak halkara guramasyny özüne çekdi, gatnaşyjy döwletleriň ösüşinde ykdysady we sosial taýdan görnetin täsir etdi. Şeýle-de bu başlangyç ep-esli maýa goýumlaryny özüne çekdi, täze iş ýerleriniň döredilmegine we dürli ugurlarda hyzmatdaşlygyň ösmegine goşant goşdy.

Ýene degişli makalalar

Si Szinpin: Hytaý siwilizasiýanyň täze görnüşini döretdi
Putin Hytaý Bilen Uzak Möhletli Hyzmatdaşlyk Maksatnamalarynyň we Taslamalarynyň Bardygyny Aýtdy
Hytaý Ukrainanyň Territorial Bitewiligini Ykrar Edýär
Russiýa we Hytaý haýsy meselede ylalaşyp bilmediler?
Si Szinpiniň maşgalasy Türkmenistana sapar bilen çagyryldy
Aşgabatda “Türkmen-hytaý zenanlarynyň dünýäsi” atly forum geçirildi
Türkmenistanyň Prezidentine daşary ýurtly kärdeşlerinden Täze ýyl gutlaglary gelip gowuşýar