Berhiz lukmany Andreý Bobrowskiý duzuň bir günde kabul edip boljak iň ýokary zyýansyz möçberi barada aýtdy. Onuň aýtmagyna görä, uly adamlar günde bäş gramdan köp duz iýmeli däldir. Bu barada ferra.ru habar berdi.
Bobrowskiý bu möçberiň hut Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň hünärmenleri tarapyndan bellenilendigini aýtdy. Şol bir wagtyň özünde, köpler bu maslahata äsgermezlik edýär.Lukmanlaryň maglumatlaryna görä, Ýewropada we ABŞ-da ortatap raýat günde, takmynan, 10 gram duz kabul edýär.
Duzuň gündelik kabul ediş möçberinden yzygiderli ýokary geçilmegi käbir keselleriň döremek ähtimallygynyň artmagyna getirip bilýär.Gynansagam, duzuň aşa köp düşmegi gipertoniýa ýaly ýürek-damar keselleriniň üsti bilen özi hakda ýatladýar.
Beýle ýagdaýda duzuň kabul edilýän möçberini azaltmak möhümdir. Ýöne muňa heniz hiç hili mesele ýüze çykmanka başlamak has gowy.