“Bir günde iki hoş habar”: Russiýadaky türkmen aktiwistleriniň işlerindäki soňky özgerişler

“Bir günde iki hoş habar”: Russiýadaky türkmen aktiwistleriniň işlerindäki soňky özgerişler

Russiýada türkmen režimine garşy syýasy işjeňlik görkezen iki türkmen aktiwisti, ýagny Moskwanyň aeroportunda wagty syýasy gaçybatalga almaga synanyşan Rozgeldi Çöliýewiň we Elistada pikete çykany sebäpli suda çekilen Mälikberdi Allamyradowyň ykballary bilen bagly käbir netijeler belli boldy.

Adam hukuklary boýunça “Memorial” merkeziniň Merkezi Aziýa boýunça programmasynyň direktory Witaliý Ponamarew bu barada penşenbe güni giçlik mälim edip, muny “bir günde iki hoş habar” diýip häsiýetlendirdi.Bu barada "Memorial" toparynyň öz websaýtynda hem 12-nji martda beýanat çap boldy.

Maglumata görä, 10 gün töweregi bäri Moskwanyň “Şeremetýewo” aeroportunda daşary çykarylman saklanan Rozgeldi Çöliýewa Russiýada üç aý möhlet bilen wagtlaýyn gaçybatalga berlipdir.

Ýatlatsak, internetdäki tankydy çykyşlary sebäpli türkmen häkimiýetleri tarapyndan “internet terrorçylygynda” aýyplanan türkmenistanly ozalky student Çöliýew 2-nji martda Stambuldan Moskwa barandan soňra, “Şeremetýewo” aeroportunda saklanypdy.

Ol yzyna dolanan halatynda janyna howp abanyp biljekdigi baradaky howatyrlar sebäpli, Russiýanyň "Bosgunlar baradaky" kanunyna laýyklykda gaçybatalga almak barada ýüz tutupdy. Emma rus resmileri ilki bada Çöliýewiň arzasyny kabul etmän, ony ýurtdan deportasiýa etmek bilen haýbat atypdylar.

Witaliý Ponamarew Çöliýewiň işini alyp barýan “Memorialyň” aklawçysy Roza Magomedowanyň 11-nji martdaky beren maglumatyna salgylanyp, Russiýanyň Içeri işler ministrliginiň Migrasiýa gullugynyň resmileriniň türkmen aktiwistiniň gaçybatalga baradaky arzasyny kabul edendiklerini mälim etdi.

Munuň yzýany, adam hukuklary boýunça Türkmen Helsinki Fondunyň başlygy Täjigül Begmedowa Çöliýewa üç aý möhlet bilen wagtlaýyn gaçybatalga berlendigini, bu döwrüň içinde onuň işine garaljakdygyny mälim etdi. Bu maglumaty aklawçy Magomedowa hem tassyk etdi.

Ponamarýew Çöliýewiň ykbaly bilen baglylykda adam hukuklaryny goraýjy toparlarynyň Russiýanyň Serhet gullugyna 8-nji martdaky ugradan hatynyň ertesi güni, türkmen aktiwistiniň işinde ilerlemeleriň başlanandygyny belleýär.

7-nji martda Rozgeldi Çöliýewiň özi hem rus prezidenti Wladimir Putinden kömek sorap, wideo-ýüzlenme bilen çykyş edipdi.

Çöliýew çarşenbe gününe çenli ony Russiýadan Türkiýä deportasiýa etmek barada haýbatlaryň dowam etdirilendigini aýdýar. 9-njy martda serhet gullugynyň ofiseri Çöliýewe ýüzlenip, Türkmenistanyň Moskwadaky konsulhanasynyň onuň telefon belgisini soraýandygyny aýdypdyr. Emma Çöliýew türkmen diplomaty bilen gepleşmekden ýüz öwrüpdir.

Maglumata görä, Türkmenistanda hem resmileriň Çöliýewiň maşgalasy babatyndaky çemeleşişi üýtgäpdir. Resmiler ozalky haýbatlarynyň deregine, indi sypaýyçylyk bilen onuň yzyna Türkmenistana gelmegini ündäp başlapdyrlar. Emma adam hukuklaryny goraýjy Ponamarýew bu sypaýyçylygyň nä derejede akýüreklilik bilen edilýändigini soraga alýar.

11-nji mart güni irden “Aeroflotuň” işgäri Çöliýewa türkmen konsulhanasynyň wekiliniň oňa buterbrodlar we şireli suw bolan iki paket iberendigini aýdypdyr. Ponamarýew türkmen wekilleriniň dokuz günläp dowam eden hereketsizliginden soň, häzirki amallarynyň täsin görünýändigini belleýär.

Bu aralykda, Russiýadaky beýleki türkmen aktiwisti, ýagny Galmygystanyň döwlet uniwersitetiniň filologiýa bölüminiň 3-nji ýyl studenti Mälikberdi Allamyradowyň işi bilen bagly hem suduň hökümi çykdy.

Allamyradow 18-nji fewralda respublikanyň paýtagty Elistanyň merkezinde türkmen häkimiýetlerine garşy ýeke adamlyk pikete çykypdy.Ol soňy bilen polisiýa tarapyndan saklandy.Oňa administratiw düzgün bozmalary sebäpli, "Duşuşyk, ýygnak, demonstrasiýa, ýöriş ýa-da piket guramak ýa-da geçirmek üçin bellenilen tertip-düzgünleriň köpçülikleýin çäräni gurnaýjy tarapyndan bozulmagy” esasynda aýyplama bildirildi. Şol pursat, suduň oňa Türkmenistana deportasiýa etmek baradaky hökümi çykaryp biljekdigi barada hem howatyrlar bardy.

Witaliý Ponamerýew Russiýada soňky emele gelen ýagdaýlaryň arasynda suduň pikete çykmak işi bilen baglylykda oňaýly netije çykaryp biljekdigi barada umytlaryň az bolandygyna garamazdan, türkmen studentiniň aklanandygyny mälim etdi.

Ponamerýew 11-nji mart güni giçlik Allamyradowyň işini alyp barýan aklawçy Çary Kuliýewiň oňa jaň edip, suduň studentiň hereketinde kanuna ters gelýän ýagdaýlary tapmandygy baradaky habary ýetirendigini aýtdy.

Galyberse-de, adam hukuklaryny goraýjy guramalar "Türkmen Helsinki fondy" we "Memorial" merkezi ozalky beýanatlarynyň birinde Russiýada ýaşaýan türkmenleriň, beýleki daşary ýurtlardaky ildeşlerinden tapawutlylykda, soňky wagta çenli, türkmen oppozisiýa hereketine açyk duýgudaşlyk bildirmän gelendiklerini belläp geçipdiler.

Mundan öň, 2020-nji ýylyň güýzünde Moskwanyň dürli künjeklerinde Berdimuhamedowa garşy tankydy listowkalar asylyp çykypdy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň gizlinligini doly kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

“Bir günde iki hoş habar”: Russiýadaky türkmen aktiwistleriniň işlerindäki soňky özgerişler
Moskwanyň şäher kazyýeti adam hukuklary boýunça “Memorial” merkezini ýapdy, mundan owal Rozgeldi Çöliýewiň işi boýunça gurama jerime salynypdy
“Memoriala” türkmen bosgunynyň işi esasynda 300 müň rubl jerime salyndy
'Altyn Asyr' türkmen köli taslamasy näme üçin şowsuz boldy?
Ýewropanyň iň gowy deňiz kenarlary
07.03.2019 | Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Ene mähri diýen hormatly adyny dakmak hakynda