Käte uzak gezelenjiň dowamynda uly zatlara üns berlip, kiçijik zatlara wagt hem galmaýar.Bir günde islendik bir uly şäheriň taryhy, medeniýeti we täsinlikleri bilen tanyşmak mümkin hem däl.
Munuň üçin azyndan bir hepde gerek.Syýahatçylaryň köpüsi uly şäherlere gezelenç etmegi halaýan hem bolsa, uzak syýahat adamy ýadadýar. Şol sebäpli köp ýurtlara syýahat edýän jahankeşdeler bir günde aýlanyp bolýan kiçijik şäherlere gezelenje gidenini kem görmeýärler.
Uly bolmadyk şäherleri ulaga münmezden pyýada aýlanyp bolýar.Gazetimiziň şu sanynda bir günde gezelenç edip bolýan kiçijik şäherler bilen tanyşdyrmagy makul bildik.Segowiýa, Ispaniýanyň taryhy mekany.Madridden uzak bolmadyk aralykda ýerleşýän Segowiýa ertekileri ýadyňa salýan täsin gurluşa eýedir.
Segowiýanyň ajaýyp suw akabasy, Alkasar galasy şäheriň meşhur ýerleridir. 6 müň 163 inedördül kilometr meýdany eýeleýän asuda şäheriň 52 müň ýaşaýjysy bar.Segowiýa taryhy ýerlere gezelenç etmegi halaýanlar üçin iň gowy şäherleriň biridir.
Wilnýus, taryh bilen döwrebaplygyň birleşýän ýeri.Litwanyň paýtagty Ýewropanyň got, barok we galkynyş döwründäki binalary bilen myhmanlary özüne çekýär. 401 inedördül kilometr meýdany eýeleýän bu şäheriň taryhy merkezi ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilendir.
Wilnýus ýadygärligi, Gediminas diňi şäheriň taryhy bilen tanyşmak isleýänler üçin iň gowy ýerlerdir.Oslo, tebigatyň ylham çeşmesi.Norwegiýanyň paýtagty Oslo tebigy gözellikleri we medeni baýlyklary bilen syýahatçylary özüne çekýär.
Munç muzeýi we Wiking gämi muzeýi şäheriň medeni mirasyny öwrenmek isleýänler üçin iň esasy ýerlerdir. 454 inedördül kilometr meýdany bolan bu şäherde daş-töweregi tokaýa bürenen birnäçe myhmanhana we seýilgähler bar.
Bygdoý ýarym adasy gezelenç etmek üçin şäheriň iň owadan ýeri hasaplanýar.Dubrownik, Adriatikanyň bezegi.Horwatiýanyň bu şäheri ertekileri ýadyňa salýan binagärlik gurluşy bilen adamy orta asyr şäherlerine syýahata alyp gidýär. Şäheriň esasy girelgesi bolan Pile derwezesinden başlanýan gezelenç Luza meýdançasyna çenli dowam edýär. 142,6 inedördül kilometr meýdany tutýan bu şäherde deňiz kenaryndaky açyk restoranlarda medeniýetli dynç alyp, şäheriň rahatlygyny duýup bolýar.
Brýugge, Orta asyr binagärliginiň yzlary. Ýewropanyň iň romantik şäherleriniň biri bolan Brýugge got döwründe gurlan binalary, kanallaryň boýundan uzalyp gidýän özüne çekiji köçeleri we Grote Markt meýdançasy bilen syýahatçylarda ýatdan çykmajak täsirler galdyrýar. 138 inedördül kilometr meýdany eýeleýän Belgiýanyň bu owadan şäherinde gaýykly gezelençleri gurap, binagärlik gurluşy bilen ýakyndan tanşyp bolýar.
Rotterdam, arhitektura täsinlikleriň şäheri.Niderlandlaryň häzirki zaman ýüzi hasaplanýan Rotterdam özboluşly binagärlik gurluşy bilen tapawutlanýar. 319,35 inedördül kilometr meýdany bolan bu şäherde derýada gaýykly gezelençleri gurap, owadan tebigatda dynç alyp bolýar.
Mundan başga-da, Rotterdamda welosipedli gezelençleri gurap, häzirki zaman çeperçilik galereýalaryndaky sungat eserleri bilen tanşyp bolýar.Gýoteborg, Demirgazykdaky asuda şäher. Şwesiýanyň özüne çekiji bu şäheri taryhy binalary we medeni baýramçylyklary bilen köpleriň ünsüni özüne çekýär.
Roda Sten sungat merkezi şäheriň iň köp myhmanly ýerleriniň biri bolup, bu ýerde aýdym-saz festiwallary geçirilýär. 447,88 inedördül kilometr meýdany eýeleýän bu şähere tomus aýlarynda has köp syýahatçy barýar. /* custom css */ .td_uid_15_6752e9c973ec1_rand.td-a-rec-img { text-align: left; } .td_uid_15_6752e9c973ec1_rand.td-a-rec-img img { margin: 0 auto 0 0; }