'Bir görseň bar ýaly, bir görseň ýok ýaly': 2018-nji ýylda Türkmenistan tas 80 million ýumurtgany eksport edipdir

'Bir görseň bar ýaly, bir görseň ýok ýaly': 2018-nji ýylda Türkmenistan tas 80 million ýumurtgany eksport edipdir

Azatlyk Radiosynyň ýerli habarçylary geçen ýylyň dowamynda ýurmutganyň Türkmenistanyň öz ilatyna wagtal-wagtal ýetmezçilik edendigini habar beripdiler.Trendiň habaryna görä, Türkmenistan geçen ýylyň dowamynda daşary ýurtlara 79.4 million sany towuk ýumurtgasyny eksport edip, mundan 3.8 million amerikan dollary möçberinde girdeji gazanypdyr.

Azatlyk Radiosynyň ýerli habarçylarynyň maglumatlaryna görä, Türkmenistanyň ýumurtga krizisi 2018-njy ýylyň bosagasynda, has takygy 2017-nji ýylyň dekabar aýynda täzeden möwjäpdi. Şonda Aşgabadyň bazarlarynda 33 teňňelik ýumurtganyň bahasy birden 60-65 teňňä, oba ýumurtgasynyň bahasy 90 teňňä, iki saryly towuk ýumrutgasynyň bahasy 80 teňňeden 1 manat 10-20 teňňä gymmatlady.

Munuň yzýany, 2018-nji ýylyň fewral aýynyň başynda prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň geçiren Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Türkmenistanda Senagatçylar we telekeçileri birleşmesiniň eksporta niýetlenen guşçulyk toplumyny döretmek boýunça alyp barýan işleri barada resmi habar berildi.

Habarda Türkmenistanda döredilýän guşçulyk toplumlarynyň ýurduň bazarlaryny hem ýumurtga we towuk eti bilen üpjün etjekdigi öňe sürüldi.Bu habaryň edil yzýany 2018-nji ýylyň martynda Azatlyk Radiosyna Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynda, Sünçe obasynyň golaýynda ýerleşýän “Guş toplumy” kärhanasynyň ýapylýandygy barada habarlar gelip gowuşdy.

Martyň aýagynda Aşgabat şäherinde ýumurtga her ele 15-den çäkli görnüşde satylyp başlandy, paýtagtyň söwda nokatlarynda möhleti geçen, içinden jüýje çykýan ýumurtgalaryň peýda bolup başlandygy habar berildi.Aşgabadyň pasha baýramçylygyny belleýän ýaşaýjylary geçen ýylyň aprel aýynda reňklemäge ýurmutga tapmakda kynçylyk çekendigini Azatlyk Radiosynyň ýerli habarçysyna gürrüň beripdiler. Şondan soň, Azatlygyň arhiw maglumatlaryna görä, geçen ýylyň tä dekabr aýyna çenli ýurtdan ýumurtga gytçylygy barada habarlaryň gelip gowuşmagy sägindi. Ýöne dekabr aýynda welin, ýurtda ýumurtga gytçylygy täzeden möwjedi.

Dekabryň başynda Aşgabadyň döwlete degişli söwda nokatlarynyň öňünde ýumurtga satyn almak üçin garaşýan adamlaryň uzyn nobatlary emele gelip başlady.Onuň hususy dükanlardaky bahalary ep-esli gymmatlady; Aşgabadyň hususy dükanlarynda 1 ýumurtganyň bahasy 1 manat 50 teňňä, Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherinde 1 manat 30 teňňä, Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäherinde 1 manat 50 teňňä çykdy.

Dekabryň ortalarynda Daşogzuň döwlet dükanlarynda 1 ýumurtganyň bahasy 50 teňňeden her ele 10 ýurmurtgadan çäkli möçberde satyldy. 19-njy dekabrda Aşgabadyň hususy dükanlarynda, supermarketlerinde we bazarlarynda ýumurtganyň satylmagy bes edildi.

Gytçylygyň gerimi giňedi.Dowam edýän ýumurtga gytçylygynyň fonunda Türkmenistanyň söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi Türkmenistanyň ätiýaç azyk ammarlarynda 2 million sany ýumurtganyň bardygyny, onuň bahasynyň 33 teňňedigini öňe sürüp maglumat çap etdi. Ýöne aradan az salym geçmänkä bu habar resmi websaýtdan ýitirim boldy.

Azatlyk Radiosynyň aşgabatly habarçylary Täze ýyl baýramçylygynň bosagasynda paýtagtda ýumurtga söwdasynyň täzeden ýola goýlandygyny habar berdiler. Ýöne şonda-da ýumurtganyň we beýleki käbir azyk harytlaryň bazarlardaky söwdasyna polisiýa gözegçilik etdi.

Resmi metbugat Balkan welaýatynyň Bereket etrabynyň Uzynsuw obasynda ýerleşýän guşçulyk toplumynda ýylda 8.8 million sany ýurmutga öndürilýändigini, Mary welaýatynyň Baýramaly şäherinde-de guşçulyk toplumynyň bardygyny habar berýär. 2018-nji ýylda Türkmenistanda beýleki käbir iýmit önümleriniň hem gytçylygy ýüze çykdy, ýöne Trendiň soňky maglumatyna görä, ýylyň dowamynda Türkmenistan tas 10 tonna gök-bakja önümleriniň daşary ýurtlara eksport edipdir.

Ýene degişli makalalar

Lebapda pagta ýygym möwsümini 12-nji dekabra çenli dowam etdirmek göz öňünde tutulýar
Balkanly kärendeçiler: Hökümet pagtany wada beren "ýokary" nyrhyndan satyn almaýar
Pagta borçnamasyny ýerine ýetiren Balkan welaýatynda býujet işçileri ýygyma çekilýär
Balkanda bugdaý eken kärendeçiler saman umydyndan kesilýär - çeşmeler
Türkmen bilermeni: Owganystanda guruljak kanal regionda suw meselesini çylşyrymlaşdyrar
10.10.2017 | Uly ýaşly nesilleriň wekillerine Hormatly il ýaşulusy diýen at dakyldy
Türkmenistanda nobatdaky 'ýumurtga krizisi' başlandy