Erdogan Balkan ýurtlaryna guran saparyndan gaýdyşyn uçarda žurnalistleriň soraglaryna jogap berdi.
Erdogan: “Bir gije duýdansyz geläýeris” diýdik, olar muňa düşünýär” diýdi.
Erdogan Gresiýa berilmek islenýän ýüzlenmäniň iňňän açykdygyny nygtap; “Gresiýanyň soňky aýlarda Türkiýä garşy pozisiýasyna düşünmek mümkin däl.Bir tarapda Egeýde edýän düzgün bozmalary bar, käbirleri NATO-nyň çäginde iş alyp barýan uçarlarymyza edilýän gysyş bar, S-300 raketalary bilen radiolokasiýa açmaga çenli baryp ýeten agyr hereketler bar.
Biziň S-400 meselämizi diline çolaýanlardan Gresiýanyň S-300-leri hakynda şu günki güne çenli ýekeje söz eşitdiňizmi?S-300-lerem Russiýada öndürilýär, S-400-lerem.Emma oňa ses çykarýan ýok.
Golaýymyzdaky adalary, şertnamalara garamazdan ýaraglandyrmaga dowam edýärler” diýdi.
ABŞ-nyň Gresiýada harby baza açmagy hakynda-da durup geçen Erdogan, BMG-niň Baş Assambleýasynda ABŞ-nyň Prezidenti Baýden bilen duşuşyp, bu meselelerde gepleşjekdigini aýtdy.
Gresiýanyň deňiz ygtyýar giňişlikleri taýdan Egeýde we Ortaýer deňizinde Türkiýä kabul etdirmäge synanşýan maksimalist tezisleriniň bardygyny gürrüň beren Erdogan; “Onuň kabul ediljek tarapy ýk.Türkiýe bilen gönüden gepleşik geçirmegiň ýerine BMG-de, ABŞ-da, ÝB-de we NATO-da bizi yzgiderli şikaýat edip, hamala abaý-syýasat mehanizmini işledýärler.
Muny elbetde kabul etmek mümkin däl.Olaryň düşünýän dili haýsy bolsa biz goşa dyrnagy açyp, şol dilde gepleýäris.Görşüňiz ýaly olaram düşünýärler” diýdi.