Bir düýpde iki önüm

Adamzat irki döwürlerden bäri miweleri sapmak arkaly bir agaçdan birnäçe miwäniň hasylyny almak bilen meşgullanýar.Bir ösümligiň beýleki bir ösümlige sapylmagy diňe bir agçadan iki miwe almak üçin däl, eýsem dürli howa toprak şertlerine çydamly ösümlikde has ýokary hilli hasyly almak maksady bilen hem ulanylýar.

Bu usul diňe agaçlarda däl, eýsem, gök-bakjak ekinlerinde hem ulanylýar.Soňky ýyllarda bolsa has köp usuldan peýdalanylýar.Hindistanyň Oba hojalyk barlaglary geňeşini hünärmenleri “brimato” atly ekini döretdiler.

Bu söz “brinjal” (badamjan) hem-de “tomato” (pomidor) sözlerinden emele gelipdir.Adyndan belli bolşy ýaly bu ösümli hem pomidoryň, hem-de badamjanyň hasylyny berýär.Bu genetiki manyda iki gök önümiň gibridi däl-de, eýsem ekmegiň netijesinde bir gyrymsy agaçda iki dürli önümiň emele gelmegidir.

Bu ýagdaýa Hindistanyň Hindi gök önümleri öwreniş institutynda gözegçilik edilýär.Olara gözegçilik eden Anant Bahaduryň pikirine görä ekilen ösümlikleriň ikisi-de aýratynlygyna garamazdan bir maşgala degişlidir.Täze ekiliş usulyny oýlap tapmaga dürli seleksionerler we ösümlik ösdüriji medeniýetler gatnaşýar, olaryň arasynda iň üstünlikli tejribe pomidor bilen baklajanyň umumy gyrymsy agaçda birleşmegi bolýar. Ýagny, pomidoryň 23-25 günlik nahaly bilen badamjanyň 25-30 günlik nahaly sapylýar.

Sapmak işi baklajanyň köküniň düýbünde amala aşyrylýar.Netijede, sapmakdan emele gelen Brimato gurakçylyga we artykmaç çyglylyga çydamlylyk berýär.Brimato kölegeli şertlerde saklanýar.Ekiş işleri geçirilenden 60-70 günden soň Brimato ekilen ýerde oba hojalykçy alymlar bir düýbinden 2,64 kilograma çenli baklajan we 2,3 kilograma çenli pomidor ýygnamagy başardylar.

Bu ekişiň esasy ähmiýeti ýerleri netijeli we tygşytly ulanmaga mümkinçilik berýär.Brimatony ýönekeýje öý şertlerinde hem ösdürmek mümkindir.Häzirki wagtda alymlar beýleki ösümliklerde hem Brimato usulyny ulanmagy göz öňünde tutýarlar.

Oguljemal BATYROWA,

Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby

Ýene degişli makalalar

Türkmen taryhynyň giňden wagyz edilmeginde muzeýleriň orny
Ylmy maglumatlar
Aşgabatda türkmen obasynyň täze keşbi boýunça döredijilik bäsleşiginiň ýeňijileri sylaglandy
Aşgabadyň 140 ýyllygyna bagyşlanyp talyplaryň arasynda geçirilen bäsleşigiň ýeňijileri yglan edildi
Ene mähri diýen ada mynasyp bolan zenanlaryň sanawy paýlaşyldy
Türkmenistanyň Döwlet muzeýinde Halkara zenanlar gününe bagyşlanan sergi açyldy