
Harabalygyň aşagynda pida bolan gyzynyň elini goýbermedi. Şol pursatda çekilen suraty gören ähli adamlaryň ýüregine täsir ýetirdi we ýatlamalara ýazyldy. Kahramanmaraş welaýatynyň ýaşaýjysy Mesut Hançer, başyndan geçirenlerini Türkiyäniň Radio we telewideniýe guramasyna gürrüň berdi.
Şol surat bütin dünýä täsir ýetirdi, ol surat bir kakanyň iň çykgynsyz pursadydy. Kahramanmaraşda harabalygyň aşagynda galyp, pida bolan gyzynyň elini berk tutan kaka, ençeme sagatlap garaşdy.
Yrmak Leýla Hançer 15 ýaşyndady. Enesiniň öýüne myhmançylyga giden Yrmak Leýla Hançer enesiniň öýünde ýer titreme apatyna sezewar galdy. Yzynda ýüregi paralanan bir kaka galdy.
Gyzyndan ýer titremede mahrum bolan kaka: "Bu agyryny suratlandyryp bolmaýar. Eje gider eliň döwüler, kaka gider eliň döwüler, dogan ýykylar, emma çaga giden mahaly bagryň, ýüregiň, janyň, ähli zadyň gidýär eken. Öz çagaňy öz elleriň bilen jaýlamakdan has agyr zat ýok eken" diýip gam-gussasyny paýlaşdy.
Gussaly kaka ýer titreme bolanyndan birnäçe wagt soň gyzynyň giden bina gitdi. Diwarlaryň arasyna gysylan gyzyny tapdy we irdene çenli garaşdy. Emma gyzynyň aradan çykanyna ençeme wagt bolupdy.
Gyzyndan ýer titremede mahrum bolan kaka: "Gyzym Allatagallanyň perişdeleriniň biri eken, hiç hili ejir çekmändir. Alla ony dünýä nähili getiren bolsa, şolar ýaly hem alypdyr. Şol äpet betonlaryň aşagynda galmagyna garamazdan gyzym, dünýä nähili gelen bolsa şolar ýalydy. Şol eli tutmak, taryp edip bolmajak derejede agyryly" diýip aýtdy.