Norwegiýanyň “Norge Mining” kompaniýasy dünýäde batareýa we Gün paneliniň önümçiligi üçin geljek ýüz ýyllyk çig malyň tapylandygyny habar berdi. Ýurduň günorta-günbatarynda titan we wanadiý ýaly magdan gorunyň bolup biljekdigi mälim edildi.
Mundan başga-da, 70 milliard tonna golaý energiýa gorunyň hem bolup biljekdigi çaklanylýar.Bu ýerdäki fosfat gaýalyklarynda ýokary dykyzlykda fosforyň bardygy anyklandy.Fosfor “ýaşyl” tehnologiýalaryň kämilleşdirilmeginde peýdalanylyp, gyt harytlaryň hatarynda durýar.
Bu himiki elementi ilkinji gezek 1669-njy ýylda nemes alymy Hennig Brand tapýar. Şol döwürler bu maddanyň adaty metallary altyna öwrüp bilýändigi barada ýalňyş pikir bar eken.Munuň nädogrudygy has öň subut edilen hem bolsa, fosfor häzirki wagtda elektroulaglara oturdylýan litiý-demir fosfat batareýalaryň, Gün panelleriniň we kompýuter çipleriniň önümçiliginde ulanylýar.
Fosfat gaýalyklary Russiýa, Hytaý, Siriýa we Yrak ýaly ýurtlarda has köp gabat gelýär.
Ýurtda ilkinji fosfor şahtasynyň 2028-nji ýylda işe girizilmegi göz öňünde tutulýar.
Magdan gaýalarynyň 4 müň 500 metr çuňlukdadygy habar berildi.