Bioköpdürlülik boýunça milli hasabat bilen tanyşdyrylyş boldy

Bioköpdürlülik boýunça taýýarlanan milli hasabat Aşgabatda geçirilen edaraara ara alyp maslahatlaşmaga berildi.Duşuşyga ylmy işgärler we daşky gurşawy goramak boýunça welaýat müdirlikleriniň, döwlet goraghanalarynyň, akademiki hem-de ýokary okuw mekdepleri ylmynyň, işi tebigatdan peýdalanmak bilen baglanşykly ministrlikleriň işgärleri gatnaşdylar.

Resminama düzmek boýunça iş Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak we ýer serişdeleri baradaky döwlet komitetiniň utgaşdyrmagynda BMG-nyň ÖM-nyň “Biologik köpdürlülik barada konwensiýa (BKK) boýunça milli hasabatlary ýazmakda ýurtlara tehniki goldaw bermek” sebit maksatnamasynyň çäklerinde geçirildi.

Hasabaty ugurdaş düzümleriň bilermenleri we alymlar taýýarladylar.Duşuşykda biziň ýurdumyzyň goldaýan şu konwensiýasy we beýleki tebigaty goramak boýunça ylalaşyklar barada maglumatlar, şeýle hem milli hasabatyň mazmuny, şol sanda janly tebigat dünýäsiniň populýasiýasynyň, ekologiýa toplumlarynyň ýagdaýy, türkmen tebigatynyň genofonduny goramak boýunça işiň ugurlary bilen tanyşdyryldy. ÇÖHDMI-niň direktorynyň orunbasary, biologiýa ylymlarynyň kandidaty Jumamyrat Saparmyradowyň aýtmagyna görä, häzirki wagtda ýurdumyzda biologik ködürlüligiň 20 müňe golaý görnüşi, şol sanda ösümlikleriň we kömelekleriň 7 müň görnüşi bar.

Haýwanlaryň görnüşleriniň 13 müňüsiniň 12 müňüsi oňurgasyzlara degişlidir.Häzirki wagtda resminama boýunça esasy iş tamamlandy, hasabat milli derejede ylalaşylandan soň BKK-nyň Sekretariatyna berler.Bioköpdürlülik munuň özi janly tebigat dünýäsiniň baýlygydyr, ol diňe bir ylmy we amaly taýdan peýdaly bolman, eýsem onuň adam üçinem ähmiýeti uludyr.

Daşky gurşawyň üýtgemegi, ozaly bilen, ösümliklere täsir edýär, olaryň ýagdaýyna görä, ekoulgamyň hili barada netijä gelip bolar, - diýip ÇÖHDMI-niň tokaýlar we öri meýdanlary laboratoriýasynyň ylmy işgäri Güljemal Gurbanmämmedowa gürrüň berýär.

Milli hasabat görnüşleriň populýasiýasy, olaryň ýaşaýan ýerleri, özgermeleriň barşy barada maglumatlary seljermäge ýardam edýär.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidentiniň Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna atly Türkmenistanyň ýubileý medaly bilen sylaglamak hakynda Permany
Berdimuhamedow ýurduň ýolbaşçylar düzümini Türkmenistanlyň Garaşsyzlygyň 30 ýyllygy mynasybetli ýadygärlik nyşany bilen sylaglady
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllyk baýramy mynasybetli döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda
Çölde pisse ýetişdirmek boýunça synag işleri netijeli alnyp barylýar
Egin-eşik kompaniýasy ýokary girdeji gazandy
Aşa çalt zarýad berýän beket