Biodürlüligiň halkara güni

Janly görnüşleriň biodürlüligini goramak adamzadyň esasy wezipelerinden biridir. 2001-nji ýyldan başlap her ýylyň 22-nji maýy Biodürlüligiň halkara güni hökmünde bellenilip geçilýär. Bu gün BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan 1995-nji ýylda geçirilen Biodürlülik konwensiýasyna gatnaşyjylaryň konferensiýasynyň teklibi esasynda karar yglan edildi.

Ilki Biologik dürlüligiň halkara güni 29-njy dekabrda, biologiki dürlülik baradaky konwensiýanyň güýje giren güni bellenmegi maslahat berildi. Şeýle-de bolsa, ýylyň bu döwründe bellenilýän baýramçylyklaryň köp bolmagy sebäpli köp ýurt bu güni bellemek üçin çäreleri meýilleşdirmekde we geçirmekde kynçylyklara sezewar boldy we 2000-nji ýylda bu senäni 22-nji maýda bellemek kararyna gelindi.

Biologik dürlüligi ýa-da biodürlügi häzirki wagtda planetadaky çalt azalýan ýaşaýyş dürlüligini gorap saklamak her bir adamyň borjudyr. Ýaşaýyş meýdanlarynyň azalmagy ýa-da olara zeper ýetmegi bilen Ýer ýüzündäki haýwanlar we ösümlikler azalýar.

Köp babatda bularyň sebäbi adamyň işjeň hereketi hasaplanýar. Ýer togalagynda görnüşleriň biologik dürlüliginiň geljekki ykbaly baradaky aladalar 1992-nji ýylda Rio-de-Žaneýro geçirilen BMG-nyň daşky gurşaw we durnukly ösüş konferensiýasynda bütin dünýä jemgyýetçiliginiň teklip edilendigi bilen düşündirildi.

Halkara Biodürlüligiň gününiň esasy wezipesi, ösümlik we haýwanat dünýäsiniň köp sanly wekiliniň dolulygyna ýitip gitmegi meselesine jemgyýetiň ünsüni çekmekden ybaratdyr.

Bütindünýä tebigaty goraýyş bileleşigi biodürlüligiň azalmagynyň ýedi sebäbini şeýle kesgitleýär:

– Tebigy gurşawyň ýitmegi we bölünmegi;

– Inwazion görnüşleriň bäsleşigi;

– Daşky gurşawyň hapalanmagy;

– Howanyň global üýtgemegi;

– Çölleşmek;

– Ilatyň köpelmegi;

– Tebigy baýlyklary biperwaý ulanmak.

Aýjemal ORAZOWA, Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby

Ýene degişli makalalar

78 göterim yzgaryny ýitirdi
Tot-tozanyň yz ýany, ümezleşen howa, ýakymsyz ys maryly ýaşaýjylary hopukdyrdy’
Maryda we Lebapda ýene tozan turdy
Türkmenistanda iki sany agaç nahalhanasynyň gurluşygy tamamlandy
SÄHRAÝA AŞYK BOLMUŞAM
Gahryman Arkadagymyzyň suw diplomatiýasy