21-nji maýda Aşgabat kinoteatrynda Oguz han adyndaky Türkmenfilm birleşigi tarapyndan surata düşürilen Binýat atly filmiň ilkinji görkezilişi boldy.Filmi ilkinji gezek tomaşa etmäge köp adam ýygnandy.
Tomaşaçylar filmiň döredilmegine goşant goşan sungat işgärleri bilen söhbetdeş bolmaga mümkinçilik aldylar.Annadurdy Täşliýewiň režissýorlyk etmeginde düşürilen filmde ýaş binagär talyplaryň durmuşy, döredijiligi hakynda giňişleýin söhbet açylýar.Film Annadurdy Täşliýewiň ilkinji uly göwrümli ekran eseridir.
Filmiň çeper ýolbaşçysy bolup, Arslan Eýeberdiýew çykyş edýär.
Filmiň baş gahrymanlarynyň roluny türkmen dramaturgy, SSSR-iň halk artisti Bazar Amanowyň çowlugy, Şemşat Kasymowa bilen aktýor Ahmet Amandurdyýew ýerine ýetirdiler.
Filmiň adynyň (Binýat) yzyndan “Duýgynyz üçin dymmaly” sözlemi ýöne ýere goýulmandyr.Filmde okuwlaryny tamamlan ýaş binagär talyplaryň ykballary çeper beýan edilýär.Ekran eserinde dartgynly, gyzykly, ajaýyp pursatlar köp bolup, onda esasan, durmuşda öz ýoluny saýlamakda ýaşlaryň ilkinji ädimleri, işleri görkezilýär.
Filmde heniz bir-birlerinden öýkeleri ýazylmadyk döredijilik hünärmenleri düzülen zehinli toparyň öňünde ýene bir jogapkärli çagyryş bardy. Ýöne şol işe başlamazdan öň, toparyň agzalary birnäçe ýyllap, dowam edip gelýän düşünişmezliklerden üstün çykyp, toparyň Binýadyny berkitmelidiler.
Has takygy az wagtyň içinde Wekil, Arslan, Jennet, Dünýä hem-de Ahmet bolup, topary gaýtadan dikeltmelidir.Beýle pikiri topardaşlaryň ählisi diýen ýaly goldasalar-da, Ahmediň bu barada öz garaýşy bardy…