Binali Ýyldyryma Türkmenistanyň Hormatly il ýaşulusy diýen ady dakyldy we ýubileý medaly berildi

Binali Ýyldyryma Türkmenistanyň Hormatly il ýaşulusy diýen ady dakyldy we ýubileý medaly berildi

Türkmenistanyň Prezidenti Permana gol çekdi.Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň we Türkiýe Respublikasynyň arasynda dostlukly gatnaşyklary berkitmekde, milli däp-dessurlary ösdürmekde hem-de iki doganlyk halkyň agzybirligini we jebisligini pugtalandyrmakda, ýaş nesle edep-terbiýe bermekde bitiren aýratyn hyzmatlary üçin, şeýle hem iki döwletiň arasynda uzak ýyllardan bäri dowam edip gelýän syýasy, ykdysady, ylym-bilim, medeni ulgamlardaky hyzmatdaşlygy giňeltmäge goşan uly şahsy goşandy göz öňünde tutulyp, Türki Döwletleriň Guramasynyň Aksakgallar geňeşiniň başlygy Binali Ýyldyryma Türkmenistanyň Hormatly il ýaşulusy diýen hormatly ady dakyldy.

Bu barada TDH habar berýär.

Şeýle-de döwlet Baştutanynyň gol çeken ýene bir degişli Permany esasynda, Türki Döwletleriň Guramasynyň Aksakgallar geňeşiniň başlygy Binali Ýyldyrym Türkmenistanyň Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna atly ýubileý medaly hem-de ýadygärlik we sowgatlyk nyşanlar bilen sylaglanyldy.

Binali Ýyldyryma bu ýokary sylag Türkmenistanyň hem-de Türkiýe Respublikasynyň arasynda dostlukly gatnaşyklary ösdürmekde, türkmen edebiýatynyň nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň döredijilik mirasyny öwrenmekde, aýawly saklamakda, wagyz etmekde we geljek nesillere ýetirmekde bitiren hyzmatlary üçin, medeniýetleri ýakynlaşdyrmaga we baýlaşdyrmaga, türkmen hem-de türk halklarynyň arasynda dost-doganlygy, özara bähbitli hyzmatdaşlygy berkitmäge goşan uly şahsy goşandy nazara alnyp, şeýle hem beýik türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli berildi.

Ýene degişli makalalar

Binali Ýyldyryma, Klaus Parhofere “Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna” medallary gowşuryldy
Aşgabatda Halkara parahatçylygy we durnukly ösüşi berkitmekde bilelikdäki tagallalar atly halkara maslahat geçirildi
Türkmen halkynyň Milli Lideri TDG- nyň Aksakgallar geňeşiniň 16-njy mejlisine gatnaşmaga çagyryldy
TDG-niň Aksakgallar geňeşi Gurbanguly Berdimuhamedowy Budapeştde boljak mejlise çagyrdy
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türki Döwletleriň Guramasynyň Aksakgallar Geňeşiniň 16-njy mejlisindäki çykyşy
Gurbanguly Berdimuhamedow TDG-niň Aksakgallar geňeşiniň Budapeştde geçiriljek 16-njy mejlisine gatnaşmaga çagyryldy