Bilýärmidiňiz? (Haýwanat dünýäsine degişli jandarlaryň çagalarynyň atlandyrylyşy)

Aslynda çaga sözi diňe adamlara degişli. Ýöne il içinde haýwanat dünýäsine degişli jandarlaryň çagasynyň atlandyrylyşy känbir ýörgünli bolmandygy, kähalatda bolsa bilinmeýändigi üçin atyň çagasy, itiň çagasy, pişigiň çagasy… ýaly görnüşlerde aýdylýar. Çagalar, size eýýäm başlangyç synplarda atyň çagasyna taý, taýçanak; sygryň çagasyna göle; goýnuňka guzy diýilýändigi öwredilendir.

Eýsem, beýleki jandarlaryň çagasy nähili atlandyrylýar?Geliň, olaryň birnäçesini bilelikde öwreneliň!

Doňzuň çagasyna jojuk diýilýär.Itiňki güjük; düýäňki köşek; gulanyňky goduk; geçiňki – owlak; keýigiňki tokar; towugyňky, käkiligiňki, ördegiňki ýaly ýumurtgadan çykanda ýelekli bolýanlara jüýje; eşegiňki kürre; ýolbarsyňky şirbeçe; aýyňky merdek; towşanyňky çebşek; gurbagaňky itbalyk; pişigiňki gijen; gumryňky, garlawajyňky, bürgüdiňki ýaly ýumurtgadan çykanda ýeleksiz bolýanlara etene; ýylanyňky ýylançyr; tilkiňki ýylpyz; şagalyňky tula; möjegiňki üzit; tomzagyňky toýçy diýlip atlandyrylýar.

Eýsem, pyşbaga, kirpi, garynja, pil ýaly beýleki jandarlaryň çagasy nähili atlandyrylýarka? Çagalar, bu sowaly siziň özüňize goýýarys!Ululardan we mugallymlardan sorap, mümkin boldugyça köp jandaryň çagasynyň atlandyrylyşyny öwrenmäge synanyşyň!

Şeýle-de, elmydama jandarlar barada gürrüň edeniňizde olaryň çagasy diýmäge derek degişli atlaryny (towugyň jüýjesi, sygryň gölesi, itiň güjügi, towşanyň çebşegi, aýyň merdegi, möjegiň üzidi, şagalyň tulasy diýen ýaly) tutmaga çalşyň!

Ýene degişli makalalar

At — sapasy bilen
Itim — gutum
Tilki we geçi
Aşgabat ilkinji It gözelligi bäsleşigine taýýarlanýar
13.09.2019 | Milli Liderimiziň “Türkmen alabaýy” atly kitaby milli gymmatlyklary wagyz etmekde täze belentlikdir
Ite eýe çykan ýagşy adamlar barada hekaýat