Billstrem Türkiye Bilen Gatnaşyklaryň Kämil Derejededigini Beýan Etdi

Billstrem Türkiye Bilen Gatnaşyklaryň Kämil Derejededigini Beýan Etdi

Şwesiýanyň Daşary işler ministri Tobias Billstremiň ýurdy bilen Türkiýäniň arasynda “kämil” gatnaşyklaryň bardygyny beýan edip, NATO-nuň sammitinde Daşary işler ministri Hakan Fidan bilen duşuşmagy meýilleşdirýändigini aýtdy.

Paýtagt Stokgolmda soraglara jogap beren Billstrem; “Türkiýe bilen kämil gatnaşyklarymyz bar, sebäbi NATO agzalygymyzyň saýasynda şol bir wagtda-da harby ýaran bolduk” diýdi.

Ýurdunyň Türkiýe bilen NATO-nuň arasynda Litwanyň paýtagt Wilnýusda geçirilen üçtaraplaýyn gepleşiklerde gazanylan howpsuzlyk ylalaşygyna goşulmagyň bosagasynda durandygyny nygtan Billstrem; “Men işleriň meýilleşdirilen tertipde dowam edýändigini duýýaryn” diýdi.

Billstrem iýul aýynyň 9-11-i aralygynda Waşingtonda geçiriljek NATO-nuň sammitine sabyrsyzlyk bilen garaşýandygyny nygtap; “Kärdeşi Hakan Fidan bilen iň gysga wagtda, geljek hepde Waşingtonda geçiriljek sammitde duşuşmaga sabyrsyzlyk bilen garaşýaryn” diýdi.

Şwed ministri ýurdunyň Ysraýylyň Gazada dowam edýän hüjümleri boýunça pozisiýasy hakynda bolsa; “Şwesiýa elmydama gumanitar ylalaşygyň ýola goýulmagynyň, ähli ýesirlerin bşadylmagynyň we Ysraýyl bilen Palestinanyň özbaşdak döwlet hökmünde ýaşamagyny, dünýäniň galan böleginiň bu iki halka howpsuzlygy kepillendirmegini iş ýüzüne geçirjek gepleşiklere dolanylmagynyň tarapyndadyr” diýdi.

Ýene degişli makalalar

Türkiýe Bilen Şwesiýa Terrora Garşy Göreş Meselesini Ara Alyp Maslahatlaşdy
Hakan Fidan Gresiýaly Kärdeşi Bilen Duşuşdy
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türkiyäniň daşary işler ministri türkmenistanly kärdeşi bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy
Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Daşary işler ministrler geňeşiniň nobatdan daşary maslahaty geçiriler
Finlýandiýa we Şwesiýa Rus Ilçilerini Daşary Işler Ministrliklerine Çagyrdy